Žurnalistiň sahypasy

Sanly ulgam — ösüşlere barýan ýol

02-11-2023 / 11

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sanly bilim ulgamy has hem ösüşlere beslenýär. Sanly tehnologiýalar ähli ulgamlary ýokary depginli ösdürmäge, dünýäniň senagat önümçiliginde bolup geçýän özgerişliklerden habardar bolup, oňyn netije çykarmaga mümkinçilik berýär. Şu nukdaýnazardan, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanly esasda ösdürmek boýunça ýurdumyzda badalga berlen işler giň gerimde alnyp barylýar.

,,Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda’’ halkara ülňülerine laýyk gelýän, döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan sanly ykdysadyýeti yzygiderli ornaşdyrmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli çäreler göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlaryna,  öňdebaryjy halkara tejribelerine esaslanyp, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, şol sanda edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň ýeke-täk sanly ulgama birikdirilmegi olaryň sazlaşykly işlemegini üpjün edýär. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, sanly amatlyklaryň elýeterliliginiň ýokarlanmagy, sanly tehnologiýalaryň kärhanalarda giňden ornaşdyrylmagy we peýdalanylmagy  ýurdumyzyň dünýäniň sanly giňişlige işjeň goşuluşmagyny, onuň halkara bazarda bäsdeşlige ukuplylygynyň düýpli ýokarlandyrylmagyny hem-de milli ykdysadyýetimiziň ösüşiň täze innowasion tapgyryna geçirilmegini üpjün edýär.

Häzirki wagtda ösen tehnologiýalary ýokary derejede dolandyrmak üçin kämil, ýokary bilimli hünärmenler gerekdir. Hünärmenleri ýokary derejede taýýarlamak bolsa orta we ýokary okuw mekdepleriniň paýyna düşýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň  bilim derejesini ýokarlandyrmakda  döredip berýän şertleri üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýdyp, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaçlanmagyny arzuw edýäris!

 Maýa GURBANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu