
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ilkinji zenanlar guramasy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly, sözlerim saza goşsaň uz bolar» ady bilen talyp ýaşlaryň arasynda aýdym-sazly döredijilik bäsleşigi geçirildi.
Häzirki ösüşlerden ösüşlere beslenýän ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny, şygyrlaryndaky pelsepe-pähimleri, XVIII–XIX asyrlarda türkmen durmuşyna ýetiren täsirini ylmy esasda öwrenmek, onuň döredijiliginiň türkmen, şol sanda tutuş Gündogaryň ylmy-medeni durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygyny döwrebap sanly tehnologiýalaryň üsti bilen açyp görkezmek, şahyrana dünýäsine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek hem-de beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde mynasyp bellemek bilen bagly döwletli işler durmuşa geçirilýär.
«Magtymguly sözlerim saza goşsaň uz bolar» atly bu döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady hem talyp ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemek bilen bir hatarda, olaryň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, şygryýet älemini öwrenmekden we pelsepewi garaýyşlarynyň many-mazmunyny açyp görkezmekden ybarat boldy. Çünki bu günki ýaşlarymyzyň milli hem edebi mirasymyzy düýpli öwrenmekleri, sungata içgin aralaşmaklary bu ajaýyp nusgalaryň geljekki nesillere-de kämil görnüşde ýetmegine oňyn täsirini ýetirer. Şu nukdaýnazardan, bäsleşikde edebi mirasymyzy we sungatymyzy düýpli öwrenmeklige ýakyndan ýardam etjek ugurlara üns berildi.

Bäsleşigiň şertlerine görä, oňa gatnaşan talyp ýaşlar Magtymguly Pyragynyň döredijiligini gürrüň berip, goşgularyny çeper okadylar hem-de akyldar şahyryň sözlerine döredilen aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Gatnaşyjylara ýörite düzülen emin agzalary — Maya Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyñ Estrada sungaty kafedrasynyň mugallymy, Tůrkmenistanyň halk artisti Gözel Öwezowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatyrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülşirin Annamyradowa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Gözel Aýnazarowa tarapyndan her bir şert boýunça ýerine ýetiriş ukyp-başarnyk aýratynlyklaryna görä adalatly baha berlip, Bagşyçylyk sungaty bölüminiň 1-nji ýyl talyby Oguljeren Bakaşowa I orna, Saz mugallymy bölüminiñ 2-nji ýyl talyby Ýusup Ýazgylyjow II orna, Bagşyçylyk sungaty bölüminiñ 2-nji ýyl talyby Berdimuhammet Atabaÿew III oruna mynasyp boldular we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Hormat hatlara we ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldular. Şeýle bäsleşikler ýaşlaryň edebi mirasa we sungata bolan garaýyşlaryny çuňlaşdyryp, zehinlerini kämilleşdirýär, düşünjelerini artdyrýar. Bu bolsa watançylyk duýgulary belent talyp ýaşlaryň Watanymyza mynasyp nesiller bolup kemala gelmekleri hem-de geljekde halal zähmet çekip, yhlas-başarnyklaryny siňdirip, sungaty has-da ösdürmekleri üçin örän ähmiýetlidir.
Aýgül ÝAGŞYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan artisti.



