Žurnalistiň sahypasy

Milli manat — ygtybarly binýadymyz

1-nji noýabr - milli manadymyzyň dolanyşyga girizilen güni

01-11-2023 / 15

Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýetde, maliýe-bank, medeni-ynsanperwer ugurlarda, senagatda, umuman, jemgyýetiň ähli ulgamlarynda uly öňegidişlikleri gazandy. Garaşsyzlygyň ykdysady esaslary pugtalandyrylyp, milli manadymyz dolanyşyga girizildi.

Türkmeniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan seneleriň biri hem 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrydyr, çünki bu sene türkmeniň buýsanjy we guwanjy bolan milli pulumyzyň — manadyň dolanyşyga girizilen günüdir. Şol wagtdan başlap, ýurdumyzda özbaşdak ykdysady syýasat we onuň düzüm bölegi bolan pul-karz, býujet-salgyt, maliýe, nyrh syýasatyny işläp düzmäge we üstünlikli durmuşa geçirmäge hukuk gazanyldy. Şeýlelikde, bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi netijesinde, bazar ykdysadyýetine geçmekligiň milli nusgasy işlenilip düzüldi.

Ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmeginde pula aýratyn orun degişlidir. Ýurtda hereket edýän puluň durnukly, hümmetli, satyn alyjylyk ukybynyň ýokary bolmagy bazar ykdysadyýetine üstünlikli geçmäge ähli zerur bolan amatly şertleri döredýär we ýurdumyzda kabul edilýän ähli maksatnamalary amal etmäge mümkinçilikleri artdyrýar.

Puluň kadaly hereketini ýola goýmak, durnuklylygyny üpjün etmek köp derejede onuň haryt üpjünçiligine we hyzmatlar ulgamynyň işjeňlik derejesine baglydyr. Bu meseleleri üstünlikli çözmek maksady bilen, ýurdumyzda köpsanly ulgamlaýyn we toplumlaýyn işler üstünlikli amala aşyryldy. Muňa mysal edip, 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan manadyň tapgyrlaýyn denominasiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha berkemegine, halkymyzyň bolelinlikde, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna uly ýardam edendigini bellemelidiris.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz ýokary depginler bilen durnukly ösdürilýär, bazar gatnaşyklaryna ynamly geçilýär, işewürleriň ýokary netijeli işlemekleri üçin ähli şertler döredilýär.

Daýanç KURBANOW,
Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyby. 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu