Sagdyn durmuş

Iýmitlenmegiň gigiýenasy

25-10-2023 / 14

“Görkem agyzdan, derdem“ diýlişi ýaly, dogry we düzgün iýmitlenmek biziň sagdyn we uzak ýaşamagymyz üçin esasy şertleriň biridir.

Iýmitlenmek adamyň esasy biologiki talabydyr, mukdar we hil tarapdan oýlanyşykly, talabalaýyk iýmitlenmek daşky gurşawyň beýleki şertleri bilen bir hatarda, adam bedeniniň oňaýly ösüşini, onuň fiziki we akyl iş başarjaňlygyny, çydamlylygyny hem-de giňden uýgunlaşma mümkinçiliklerini üpjün edýär. Belli bolşy ýaly, iýmit maddalaryny özünde amatly derejelerde saklaýan, talabalaýyk iýmitlenmek bedeniň immunobiologik ýagdaýlаryna amatly täsir edýär we onuň ýokanç keseli başdan geçirijiligini we zäherleýji maddalara bolan durnuklylygyny ýokarlandyrýar.

Adamda artykmaç agram nädogry iýmitlenmek zerarly ýüze çykýar. Bedeniň we ulgamlaryň köpüsiniň ýagdaýlarynyň belli bir derejede ýaramazlaşmagy we işe ukyplylygyň peselmegi semizligiň gös-göni netijesidir. Semizlik utgaşyklykda gelýän ýürek-damar keselleriniň (aterosklerozyň, gipertoniýa keseliniň), süýjülik, öt daşy keselleriniň ir ýüze çykmagyna we tiz agyrlaşmaklygyna täsir edýär. Semizlikde bu keseller has köp duş gelýär.

Adamyň sagdyn bolmagynda immun ulgamynyň hem işi uludyr. Immun ulgamy bir tarapdan bedeni goraýar, beýleki tarapdan bolsa onuň ýagdaýy adamyň umumy saglyk ýagdaýyna baglydyr. Eger adam işjeň, hemişe hereketde we durmuşa höwesli bolsa, onuň immuniteti hem ýokary bolýar. Immun ulgamy bizi bakteriýalaryň, kömelekleriň, wiruslaryň ýaramaz täsirinden goraýar. Sagdyn we netijeli immun ulgamy bolmadyk beden gowşak  bolýar we dürli hili ýokanç kesellerden ýygy-ýygy ejir çekýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hödürlemesi boýunça nädogry iýmitlenmek bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň şu aşakdaky görnüşlerini tapawutlandyrmak maslahat berilýär:

Kembaha iýmitlenmek – has uzak ýa-da ondan gysgarak wagtyň dowamynda kaloriýasy az bolan iýmitiň iýilmegi zerarly ýüze çykýan ýagdaý.

Çakdanaşa iýmitlenmek – iýmitiň agdyklyk edýän mukdarlary boýunça iýmitlenmek.

Iýmitiň ýetmezçiliginiň özboluşly kysmy – rasionda bir ýa-da birnäçe iýmit maddalarynyň ugurlaýyn ýa-da absolýut ýetmezçiligi zerarly ýüze çykýan ýagdaý.

Dogry düzgün iýmitlenmek zerurlygy bu biziň her birimiziň elimizde bolup, bu saglygymyzy goramakda iň gowy gymmatlykdyr.

Jora NURYÝEW,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu