Žurnalistiň sahypasy

Nesil terbiýesi mukaddesdir

31-10-2023 / 45

Milletimiziň nesil terbiýesi bilen bagly ýörelgelerine üns berenimizde, milli ruhuň, milli duýgynyň täsiriniň uludygyny görýäris. Nesil terbiýesi, perzendiň edepli-terbiýeli bolup ýetişmegi her bir maşgalanyň üns merkezinden düşmeýän derwaýys meseledir. Watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, halallyk, dogruçyllyk, wepalylyk, mertlik ýaly häsiýetler türkmen maşgalasynda aýratyn üns berilýän ahlak kadalarydyr.

Türkmen halk pedagogikasy lebzihalal, päk ahlakly, watansöýüji, zähmetsöýer, ynsanperwer şahsyýeti terbiýeläp kemala getirmegi baş maksat edip kesgitleýär. Öňde goýlan bu wezipeleri amal etmekde halk pedagogikamyzyň gazananlaryna esaslanmagymyz, nesil terbiýesi babatynda ata-babalarymyzyň toplan we kämilleşdiren terbiýeçilik usullaryny hem-de tärlerini dowam etdirmegimiz zerur bolup durýar.

Çagany durmuşyň güli hasaplaýan pederlerimiz “Çaga eziz, edebi ondanam eziz”, “Çagany — ýaşdan, edebi — başdan”, “Ogul edebi bilen arzyly, gyz — gylygy bilen” diýen ýaly ençeme atalar sözlerini, nakyllary döredipdirler. Ata-babalarymyz çaganyň terbiýesine, edebine aýratyn üns beripdirler. Türkmen jemgyýetde çaga terbiýesinden üzňe, oňa dahylsyz ýekeje-de adam bolmandyr. Jemgyýetiň her bir wekili çagany öz ýerinde göreldesi, sargytlary bilen terbiýeläpdir.

Türkmen maşgalasynda perzende nesil dowamaty hökmünde garalyp, ol aýratyn söýgi, gyzgyn mähir bilen gurşalýar. Bu gün döwletimizde döwrebap çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri hem-de ylmyň iň soňky gazananlaryny, innowasion tehnologiýalaryny özünde jemleýän kärhanalar  gurulýar. Munuň özi ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämil bolup ýetişmegine uly ýardam edýär. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň netijesinde sagdyn pikirli, kämil bilimli, dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan doly baş çykarýan täze nesil kemala geldi. Bu bagtyýar nesil milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň has-da ösmegine  we baýlaşmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. 

N.ATDAÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu