
Türkmen maşgalasy edep-terbiýäniň öýi hasaplanýar. Maşgala — türkmen jemgyýetiniň baş sütüni. Her bir ata-enäniň arzuwy öz perzentleriniň bagtyny görmekdir. Olar elmydama çagalarynyň aladalary bilen bolýarlar. Maşgala gurmak, nesil ýetişdirmek meselesine berilýän aýratyn ähmiýet hem halkymyzyň maşgala gymmatlygyna goýýan beýik sarpasyny açyp görkezýär.
Maşgala ojagynyň söýesi zenan hasaplanylýar. Maşgala mukaddesligini goramak hem zenanlaryň borjy bolup durýar. Olaryň mähir-muhabbeti, yhlas-söýgüsi we terbiýe mekdebi hakyky şahsyýetleriň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir. Dogan-garyndaşyny, öý-ojagyny, söwer ýaryny, perzentlerini söýgi bilen gurşap alýan zenan uly abraýa eýedir. Hiç bir baýlyk bilen deňäp bolmaýan şu gymmatlyklara edepli zenanyň eýe bolup bilýändigi hemmelere mälimdir.
Ýagşy gylyk-häsiýet edeplilikden nyşan bolup, ol zenanlaryň özboluşly bezegidir. Bahasyz baýlygyň hem-de gözelligiň açary edepdir. Halkymyz zenan maşgalanyň içki gözelliginiň daşky keşbine-de bezeg berýändigini hemişe nygtaýarlar.
Irki döwürde ata-ene ýetişen ogluna sala salypdyr. Ýygra oglan özüniň göwün beren gyzynyň ýokdugyny aýdýar. Olar özara maslahatlaşyp, abraýly ýeriň gyzyna sawçylyga barýarlar. Habarlary alnandan soň, ene ogluna örän görmegeý we edepli gyza guda bolandygyny aýdýar. Toý sähedi bellenilenden soň, ýigit gyzy daşyndan synlap, ejesiniň tarypyny ýetiren owadanlygyny görmeýär. Enesine gyzda ony öwer ýaly görküň ýokdugyny aýdýar. Ene ogluna: «Maşgalany daşyndan synlap, oňa baha berip bolmaz. Gyzyň öwgüsi özi bilendir. Sabyrly bol. Onuň içki dünýäsi hakyky gözellikdir. Bu gyzyň gözelligi seniň öýüňi we ömrüňi nurlandyrar» diýýär. Enesiniň bu gürrüňinde bir hikmetiň bardygyny aňan ýigit şol gyza öýlenýär. Aradan köp wagt geçmänkä bolsa, enesiniň aýdan sözlerine düşünip galýar.
Hakykatdan-da, edeplilik — ynsan bezegi.
Käkilik GALPAKOWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agroekologiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby.



