Žurnalistiň sahypasy

Ýaş nesiller — döwlet syýasatymyzyň özeni

26-10-2023 / 10

Ösüp gelýän ýaş nesiller döwletimiziň daýanjydyr. Hormatly Prezidentimiziň ösüşlere beslenen döwlet syýasaty netijesinde, ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilimleri ele almaklary üçin hemme şertler döredildi.

Ýaşlar her bir döwletiň altyn gaznasy hasaplanýar. Ýurduň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüş depgini, halkyň nurana geljegi köp babatda ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ahlakly we ýokary medeniýetli ýaş nesillere baglydyr. Şonuň üçin hem ilatyň bu gatlagynyň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda ýurdumyzda döwlet derejesinde uly aladalar edilýär.

Ýurdumyzyň ösüşlerini mundan beýläk-de artdyrmak ýaş nesillere ynanylýar. Ösüşler bolsa täze pikirleri talap edýär. Täze pikirler bolsa hemişe sagdyn, ruhubelent, zähmetsöýer adamlara mahsus häsiýetdir. Şeýle häsiýetleriň Watanyň, halkyň abraýyny öz buýsanjy hasaplaýan nurana ýaşlarymyzda kemala gelendigini aýtmak gerek.

Agzybir halkymyz, şol sanda mähriban ýaşlarymyz hem ýurdumyzyň syýasy durnuklylygyny, okgunly öňe gitmegini, ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagyna, ylymly, bilimli nesiller hökmünde kemala gelmegine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde syýasy taýdan sowatly, beden we ruhy taýdan sagdyn, öz jogapkärçiligini duýýan, taryhyna we milli gymmatlyklaryna sarpa goýýan, zähmetsöýer, ýaramaz endikleri bolmadyk, hakyky watançy nesilleri terbiýelemek döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň birine öwrüldi. Bu babatda ýurdumyzyň bilim ojaklarynda, çagalar baglarynda alnyp barylýan işler öz oňyn netijelerini berýär.

Häzirki wagtda alnyp barylýan işleriň ählisi ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir işiň, kabul edilýän maksatnamalaryňdyr resminamalaryň hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ajaýyp şygarynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagyna gönükdirilýändigini tassyklaýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýaşlara bildirilýän uly ynamyň döwrüdir. Biz geljekde hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halkymyzyň ynamyny ödemegi mukaddes borç hasaplap, ýurdumyzyň ösüş-özgerişleri üçin yhlasymyzy gaýgyrmarys. Döwletimiziň ýaş nesillerine okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Mahym NURMEDOWA,
Daşoguz şäheriniň 1-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu