Žurnalistiň sahypasy

Sagdyn durmuş — bagtly ýaşaýyş

24-10-2023 / 13

Türkmen — owal-ahyr saglyga sarpa goýup gelen halk. Dillerimiziň senasyna öwrülen «Sag başym — soltan başym», «Saglygym — begligim», «Saglyk — baýlyk» ýaly nakyllardyr atalar sözleri ata-babalarymyzyň saglyga näderejede ähmiýet berendigine, ony dünýäniň mal-mülkünden, genji-hazynasyndan hem zyýat görendigine şaýatlyk edýär.

Pederlerimizden miras galan bu ýörelgeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap ösdürmek, adamlaryň saglygyny goramak babatda alnyp barylýan işleriň täze derejä göterilmegi zamanamyzyň buýsandyryjy hakykatydyr.

Şu ýerde bir zady, özem örän möhüm zady aýratyn belläp geçmek gerek. Lukman Arkadagymyz ýurdumyzda ýaşaýan her bir adamyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulanmagy ugrunda ýadawsyz alada edýär, halkymyzyň jan saglygyny hemme zatdan ilerde tutýar, ony goramaga uly üns berýär, bu ugurda ylmyny, zehinini, zähmetini gaýgyrmaýar. «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary», «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar» atly dürli ýyllarda halkymyza peşgeş eden kitaplary Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanyna, ene topragyna, mähriban halkyna bolan çuňňur söýgüsiniň aýdyň alamatydyr.

Şu ýyl ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işiniň XV jildiniň halkymyza gowuşmagy milli lukmançylygymyzyň täze üstünligi boldy. Bu neşir durmuşyň, ylmyň talaplaryny doly ödeýän, öz wagtynda ýazylan kitap bolup, alym Arkadagymyzyň barlag-tejribeleriniň netijeleridir.

Ýazgeldi GURBANOW,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu