
Ýurdumyzda geçirilýän il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli özgertmeler, ýetilýän uly sepgitler, üstünlikli alnyp barylýan içeri we daşary syýasat ýaşlary maddy we ruhy taýdan galkyndyrmagyň özenidir. Her bir ýurduň geljegi onuň ýaşlary bilen baglanyşdyrylýar. Hut şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutanymyz ýaşlara ynamly bil baglaýar.
Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzda ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek babatda ähli şertler, olaryň sazlaşykly ösmegi, häzirki zaman bilimini ele almagy, öz ukyplaryny we zehinlerini görkezmegi üçin giň mümkinçilikler döredildi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Arkadagymyz sagdyn durmuş ýörelgelerine has ygrarly we ony wagyz ediji bolmak bilen, bu babatda watandaşlarymyza, aýratyn-da, ýaşlara görelde görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň, şeýle-de «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi, Türkmenistanyň Mejlisinde ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiň hem bolmagy ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan esasy ugurlaryň biridigini subut edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň mümkinçiliklerini giňeltmek we durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş, ykdysady hem-de guramaçylyk şertleriniň üpjün edilmegine uly üns berilýär. Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň ýaşlaryň watançylyk, ýokary ahlaklylyk, parasatly halk däp-dessurlaryna, ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylyk ruhunda terbiýelenilmeginiň möhümdigini nygtamagynda uly many bar. Çünki merdana pederlerimiziň adamzat hakydasynda müdimilik orun alan ajaýyp öwüt-ündewleri ahlak kämilliginiň ýolunda ýaşlar üçin uly mekdepdir.
Ynama eýe bolmak aňsat iş däl. Bu gün döwlet Baştutanymyzyň, Milli Liderimiziň biz — ýaşlara bildiren uly ynamy ömrümiziň bezegi, ýollarymyzyň şamçyragydyr.
Jeren MAGSADOWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby.



