Žurnalistiň sahypasy

Bir guşak, bir ýol: hyzmatdaşlygyň täze derejesi

25-10-2023 / 10

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 17 – 19-njy oktýabry aralygynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolup, «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahata gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda HHR bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň amala aşyrýan daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň barha okgunly ösdürilmegi iki dostlukly ýurduň strategik hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga giň mümkinçilik berýär. Muny döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň ýanwar we maý aýlarynda HHR-e amala aşyran saparlarynyň önjeýli netijeleri hem subut etdi.

Iki halky birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly özara bähbitli söwda hyzmatdaşlygy bolmak bilen birlikde, giň gatnaşyklar üçin hem köpri boldy. Şonuň üçin Ýuwaş ummandan Atlantik ummanyna çenli ägirt uly giňişligi öz içine alýan gadymy gatnaşyklary has-da berkitmäge, ýygjamlaşdyrmaga gönükdirilen ugur ähmiýetli bolmagynda galýar. Gadymy söwda ýoluny döwrebap ýörelgelerde birleşdirip, Ýewraziýanyň ykdysady ösüşine itergi bermäge gönükdirilen bu ugur birek-birege bagly bolan önümçilik we tehnologik ulgamlary, senagat guşaklyklaryny döredip, dürli durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň ýaşaýyş derejesiniň hilini ýokarlandyrmagy üpjün etmäge gönükdirilendir. Ine, 18-nji oktýabrda Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň çakylygy boýunça «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmagy bu ugurdaky özara hyzmatdaşlyga täze öwüşgin çaýdy.

2013-nji ýylda hytaý syýasy Lideri Si Szinpin tarapyndan teklip edilen «Bir guşak, bir ýol» konsepsiýasy halkara giňişliginde giň goldawa eýe boldy. Köp sanly ýurtlaryň gatnaşmagynda, gyzyklanma bildirýän döwletleriň serişdelerini peýdalanmak arkaly halkara söwda-maýa goýum taslamalaryny işjeňleşdirmek maksatlaryndan ugur alýan bu başlangyja eýýäm onlarça ýurt, birnäçe halkara guramalary goşulandyr. Pekindäki Halk ýygnaklar öýünde geçirilen «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahata 140-dan gowrak ýurtdan hem-de 30 sany halkara guramalaryndan wekiller, şol sanda döwlet Baştutanlary, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşyp, maýa goýum, sanly ykdysadyýet we söwda gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň çäklerinde ulag-kommunikasiýalaryň ösdürilmegine, ekologiýa taslamalarynyň we sanly ykdysadyýetiň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan ýokary derejeli 3 forum geçirildi. Şeýle hem daşary söwda gatnaşyklaryny, medeni-ynsanperwer, seljermeler merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk, sebitara hyzmatdaşlygy we deňiz taslamalaryny ilerletmek meseleleri boýunça 6 maslahat, işewür toparlaryň wekilleriniň uly ýygnagy geçirildi. Çäräniň çäklerinde anyk maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyşy geçirildi hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna degişli täze ylalaşyklara gol çekildi.

«Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyň jemleri boýunça Özara baglanyşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça Pekin başlangyjy; «Guşak we ýol» sanly ykdysadyýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk atly Pekin başlangyjy; «Guşak we ýol» «ýaşyl» ösüş boýunça Pekin başlangyjy; Sanly ykdysadyýet we «ýaşyl» ösüş üçin halkara söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň esaslary boýunça başlangyç kabul edildi. Merkezi Aziýa sebitinde «ýaşyl» ylmy we tehnologiýany ösdürmek babatda iş meýilnamasyny bilelikde durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama hem gol çekildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň jemleýji gününde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşyp, uzak möhlete gönükdirilen döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri barada pikir alyşdy.

Nurbibi TAGANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu