
Merdana halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda sünnäläp kemala getiren baý milli mirasy ata Watanymyzyň keremli topragynda medeniýetiň gadymy ojaklarynyň kemala gelip, özboluşly siwilizasiýa merkeziniň gülläp ösendigini aýdyň görkezýär. Köpöwüşginli maddy we ruhy medeni mirasymyzyň ulgamynda gülden görkli, edep-terbiýe ruhuna kemsiz ýugrulan milli egin-eşiklerimiziň möhüm orny bar.
Şeýle ajaýyp senetleri müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle, asyrdan-asyra aýawly geçmegiň hötdesinden gelen ene-mamalarymyzyň gaýratyna, gözellige bolan yhlasyna, döredijilik ukyp-başarnygyna buýsanmazça däl. Çünki türkmeniň nepis hem gözel matalary, älemgoşar öwüşginli keşdeleri, ajaýyp milli egin-eşikleri dünýä içre meşhurdyr.
Türkmeniň milli egin-eşikleriniň biçüwinde we tikiliş aýratynlygynda, olar üçin matalaryň saýlanylyp alynmagynda bolsa, güneşli ülkämiziň howa şertleriniň göz öňünde tutulandygy, şeýle-de milli taryhymyzdan, ruhy-ahlak ýörelgelerimizden, milli aňyýetimiziň özboluşlylygyndan ugur alnandygy aýdyň duýulýar.
Munuň hut şeýledigine keremli topragymyzdaky arheologik ýadygärliklerde geçirilen gazuw-agtaryşlaryň netijesinde ýüze çykarylan, taryhy birnäçe müňýyllyklara deň bolan gadymy dokmaçylyk we tikinçilik gurallary-da doly şaýatlyk edýär. Has takygy, Sumbar jülgesinde ýerleşýän Parhaý ýadygärligindäki (Parhaý medeniýeti) zenan guburlarynyň 40-dan gowragyndan daş ikbaşyly bürünç ikleriň, iňňeleriň, temençeleriň, örmek üçin inçe bürünç simleriň, gadymy keserleriň tapylmagy taryhçy alymlara eýýäm biziň eýýamymyzdan öňki müňýyllyklarda ata Watanymyzda dokmaçylygyň, halyçylygyň we tikinçiligiň gülläp ösendigini, bu senetler bilen (türkmenlerde adat bolşy ýaly) diňe zenanlaryň meşgullanandygyny ynamly aýtmaklyga esas döretdi.
Şol gadymy keserleriň türkmen halyçylygynda häzir ulanylýan keserlerden diňe ýasalan materialy babatda tapawutlanýandygy, şeýle-de, ýurdumyzyň dürli çäklerinden tapylan gadymy taryhy tapyndylarda duş gelýän nagyşlaryň biziň keşdeçiligimizde, haly-kilimlerimizde ýaýran nusgalara doly gabat gelmegi türkmen halkynyň gadymy dokmaçylyk, keşdeçilik we tikinçilik senetleriniň esasynda juda ir döwürlerde kemala gelen maldarçylygyň, ýüpekçiligiň we pagtaçylygyň, umumylaşdyryp aýtsak, gadymy medeniýetiň durýandygyny subut edýär.
Näzik KADYROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň başlangyç synplarda we mekdebe çenli çagalar edaralarynda okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.



