Žurnalistiň sahypasy

Sanly ulgam — ösüşleriň açary

22-10-2023 / 8

Häzirki wagtda  hyzmatlary  döwrebap görnüşe geçirmek, maglumat-intellektual tehnologiýalary we sanlylaşdyrylan ulgamlary ösdürmek durmuş-ykdysady taýdan zerurlyga öwrülýär.

Kompýuter enjamlary bilen üpjünçiligiň ýokarlanmagy täze hyzmatlaryň we önümleriň sanly  görnüşde paýlanylmagyna, haryt dolanyşygynyň ýokary derejede güýçlenmegine itergi berýär. Sanlylaşdyrmak ösüş we bäsdeşlik babatda täze artykmaçlyklary gazanmaga mümkinçilik döredýär. Ýurdumyzyň ösüşiniň geljegi, daşarky şertleriň güýçlenmegi: dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmak, özara bähbitli söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ylmy-tehniki ösüş babatda özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň peýda bolmagy, adamzat üçin umumy meseleleriň ylalaşylan çözgütlerini işläp taýýarlamak bilen gös-göni baglydyr.

Häzirki wagtda öňde goýlan  meseleleriň ýene biri hem kitaphanalary sanly ulgama geçirmek jemgyýeti ösdürmegiň girewi bolup durýar. Wagtyň geçmegi hem-de ylmy tehnologiýanyň ösmegi bilen, okamak işi düýpli özgerdi. Häzir kitaplar elektron görnüşde we onlaýn görnüşde elýeterli bolup, kompýuter ýa-da ykjam telefon arkaly belli bir kitaphana ,,girmek’’ hem-de gerek neşiriň sanly görnüşini almak bolýar.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça täze hünärleri girizmegi, zerur bolan ugurlar boýunça bilim bermek usulyny kämilleşdirmegi dowam etmek bolýar. Şonuň bilen birlikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ähli mekdeplerde sanly ulgam boýunça täze okuwlary guramagyň zerurdygy bellenilýär. Bu babatda Ylymlar akademiýasyna esasy orun degişli bolup durýar.

Sadap HALLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu