Žurnalistiň sahypasy

Şygryýet şalygynyň hökümdary

22-10-2023 / 9

Gündogar edebiýatynda öçmejek yz goýan, poeziýa äleminde ady altyn harplar bilen ýazylan, XVIII-XIX asyrlarda ýaşap geçen beýik akyldarlaryň biri Magtymguly Pyragydyr. Onuň bize galdyran döredijiliginiň gymmatyna diňe bir çeper söz, şygyr jähetden baha berilse, Magtymgula diňe şahyr hökmünde garalsa, bärden gaýdyldygy bolar. Ol diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäniň pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik aňyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr.

Häzirki wagtda şahyryň goşgularynyň köpüsi halk aýdymlaryna öwrüldi, şol goşgy setirleri adaty adamlaryň durmuşyna pugta ornaşan hem bolsa, ganatly sözlere we nakyllara öwrülip galypdyr. Magtymguly Pyragy birnäçe şahyrlaryň gaýybana halypasy bolup, döredijilik ýolunda uly görelde mekdebine öwrülendigini aýtsak hem ýalňyşmarys. Öz halkyny söýen şahsyýet beýleki halklary hem söýmegi biler, öz mertebesini saklap bilen adam ähli adamlaryň mertebesini hem belende göterip biler.

Magtymguly Pyragy döwürdeşlerini, halky adalatly jemgyýetiň, bagtly ýaşaýşyň gözbaşynyň nämedigine göz ýetirmäge, bolup geçýän zatlaryň düýpli many-mazmunyna düşünmäge çagyrypdyr. Adamlary paýhaslanmaga, özüne düşünmäge, millet hökmünde özüni tanamaga ugrukdyrypdyr.

Magtymgulynyň ady, onuň şahyrana owazy öz döwründe we şondan soňky ýyllarda, aýratynam Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýokary derejedäki döwlet syýasatynyň netijesinde, ýedi yklyma ýaýbaňlanýan ýaň bolup, älem-jahana ýaýrady. Bu adyň özboluşly, iňňän gymmatly tarapy onuň ýeke-täk bir şahsyýetiň mertebesini aňlatman, eýsem, tutuş bir milletiň – türkmeniň  at-owazasyny, abraýyny tug kimin belende galdyrandygy bilen häsiýetlendi.

Beýik akyldaryň şygyrlary ynsan kalbynyň ruhy lukmany bolup, daşyň ýüzüne iňňe bilen oýup ýazan ýaly, her bir adamyň ýürek töründe orun aldy.  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bolsa Magtymguly Pyragynyň bütin ömrüniň dowamynda arzuw edip gelen döwrüdir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasy bilen şahyrymyzyň at-abraýy, mertebesi has-da artyp, onuň eserleri daşary ýurt dillerine terjime edildi. Magtymguly Pyragy bu günki günümizde umumadamzat kalbynyň beýik akyldar şahyryna öwrüldi.

Ogulsona BÄŞIMOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu