Žurnalistiň sahypasy

Metan boýunça ählumumy borçnamalar

22-10-2023 / 7

Daşky gurşawy goramak hem-de ekologiýa meseleleri ýurdumyz üçin hemişe möhüm ähmiýete eýe bolup, ileri tutulýan ugurlara öwrüldi. Ekologiýa ulgamyny gowulandyrmak we daşky gurşawy goramak, şol sanda zyýanly maddalaryň, aýratyn-da metanyň howa zyňylmagyny azaltmak boýunça işleri yzygiderli geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda aýratyn durup geçdi,

Döwlet Baştutanymyz, ýakyn ýyllarda BMG-nyň işiniň esasy ugurlarynyň arasynda Türkmenistanyň möhüm howa we ekologiýa meselelerini çözmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Şolaryň hatarynda metan boýunça ählumumy borçnamalar bilen bagly meseleler aýratyn bellenildi.

Bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyzyň howa boýunça Pariž Ylalaşygyna goşulmagy bilen, 2017-nji ýylda birnäçe degişli milli maksatnamalar kabul edildi. Metanyň howa ýaýramagynyň ýaramaz netijelerini azaltmak we ýok etmek maksady bilen, umumydöwlet çäreleri ileri tutulyp amala aşyrylýar. Gürrüň, ilkinji nobatda, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalary, aýratyn-da, energetika, senagat we ulag pudaklarynda ornaşdyrmaga tapgyrlaýyn geçmek hem-de peýdalanmak hakynda barýar.

Şol bir wagtda, biz dünýä bileleşiginiň Ählumumy metan borçnamasyny amala aşyrmak boýunça tagallalaryny goldaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Şunda türkmen tarapynyň bu işde BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, agza ýurtlar, beýleki gyzyklanýan hyzmatdaşlar tarapyndan anyk kooperasiýa we salgyly ýardama bil baglaýandygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, ýaňy-ýakynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy baradaky meseläni öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatdaky “Ýol kartasy” tassyklanyldy. Bu resminama ýakyn wagtda guramanyň Sekretariatyna iberiler.

Zyýanly gazlaryň zyňylýan möçberini azaltmak boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryny goldamak bilen, Türkmenistan senagatda we ulaglarda ekologiýa taýdan arassa, döwrebap hem-de serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmaga geçýär. Bu aýratyn-da nebitgaz we energetika pudaklaryna degişlidir.

Amatly ykdysady şertlerde 2030-njy ýyla çenli howa zyňylýan zyýanly maddalary azaltmak biziň «az uglerodly ösüşimiziň» maksady bolup durýar. Türkmenistan ykdysadyýetiň «az uglerodly ösüşi» ugruna üýtgewsiz eýerýär, munuň özi uzakmöhletleýin global maksada — 2050-nji ýyla çenli howanyň dünýä boýunça ortaça temperaturasyny industrial döwre çenli, wagt bilen deňeşdireniňde, iki gradusdan geçirmezlik maksadyna kybap gelýär.

Nurbibi TAGANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu