Žurnalistiň sahypasy

Ýagty geljegimiziň binýady

20-10-2023 / 9

Çaganyň kämil şahsyýet bolup ýetişmegi üçin oňa bilim bermek bilen bir hatarda, ýene-de birnäçe talaplar bar. Olaryň içinde çagada tebigata söýgini döretmek bu babatda örän möhüm ähmiýetilidir.

Bilşimiz ýaly, tebigat – hemmämiziň umumy öýümiz. Tebigaty söýmek, oňa aýawly garamak, özüňi söýmekden we özüňe hormat goýmakdan nyşandyr. Çaga terbiýesinde tebigata söýgi döretmek diňe bir tebigatyň goraglylygyny üpjün etmek bolman, eýsem, ol çagada rehimdarlyk, ynsanperwerlik ýaly asylly häsiýetleriň hem kemala gelmegine itergi berýär. Ol çaganyň aňynyň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin hem möhüm bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesilde gözel tebigatymyza we onuň baýlyklaryna, daşky gurşawa, ekologiýa söýgi döretmek bilim işgärleriniň esasy borjy bolup durýar. Biz hem iş tejribämizde çagalaryň tebigat, töweregimizi gurşap alýan täsin dünýäniň dürli gözellikleri baradaky düşünjelerini artdyrmak maksady bilen, netijeli usullardan — oýunlardan, görkezme esbaplaryndan, gyzykly maglumatlardan peýdalanýarys. Çagalar bilen ýygy-ýygydan tebigatyň gözel künjeklerine gezelençlerini guraýarys.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly syýasaty esasynda ýurdumyzda hemmetaraplaýyn kämil, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, milli ýörelgelerimize ygrarly, watansöýüji ýaşlaryň kemala gelmegi üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Ata-babalarymyzdan miras galan asylly däplerimiziň dowamat-dowam bolmagy üçin nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Bagtyýar durmuşda ýaşamagymyz üçin uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Gülnabat SARYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 37-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi. 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu