
«Berkarar döwlet islärin» diýen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwründe eden arzuwlary bu günki gün hakykata öwrüldi. Eziz Watanymyzyň binýady gaýym guruldy.
Hyýalynda Zeminiň myhy ýaly sarsmaz türkmen binasyny guran akyldar şahyrymyz il-halkyň derdi bilen ýaşaýan şahsyýet bolansoň, berkarar döwletli bolmak arzuwy onuň hemişelik hemrasy bolupdyr. Şahyr, il içinde aýdylyşy ýaly, «öz-özi bilen söhbet gurupdyr». Okan eserlerinden, alan terbiýesinden, gözüniň görüp, akylynyň kesdiginden Watan gymmatyny kesgitläpdir. «Ýel bile» goşgusynda bu ahwal şeýle suratlandyrylýar:
– Göz, köňül, dil, akyl − galdy bu dördi,
Jan watan arzuwlap, turdy ýel bile.
Terhosym bar, gel, terk etme bu ýurdy,
Eşret sürgün, söhbet gurgun gül bile.
Emma şol zamanada il-halkyň ýagdaýy şahyryň arzuwlara ýugrulan şygyr setirlerindäki ýaly däl. Emin-erkin oturan iliň ykbalyna hyrydar göz bilen seredýänler tapylypdyr.
Ine, hut şu ýerde-de şahyryň hakykat terezisinde adam mertebesini kesgitleýän setirleri döräpdir:
– Goç ýigide toýdur-baýram
Her iş gelse il biläni.
«Gara daşdan aýrylsa» goşgusynda Watan mertebesini merdanalyk bilen goraýan hem ondan ýüz öwürýänleri adalatlylyk bilen aýyl-saýyl edipdir:
– Ýurt derdine gider ilde merdanlar,
Namart gaçyp barar, bakyň, ýaranlar.
Watan mertebesi merdi-merdanalaryň mertebesine daýanýar. Mert ýigitler Watan üçin hiç zatdan, hatda şirin janyny orta goýmakdanam gaýtmaýar.
Halkyň döwletli bolmak islegi akyldar şahyryň baş temasy bolupdyr. Watan, ýurt, dogduk depe, il, halk, bitewülik baradaky setirleriň hemmesi şahyryň döwlet bolmak arzuwlarynyň beýanydyr.
Akyldar şahyr bir hakykata aýdyň göz ýetiripdir. Watan – mukaddes. Şonuň üçin hem Watany mertebelän gerçekler, Watan üçin gara başyny orta goýup, gerek ýerinde şirin janyndan geçen gerçekler baky diridirler. Halk olara hakydasynda hemişelik ömür beripdir.
Gülşat TÖRÄÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 28-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.



