Žurnalistiň sahypasy

Türkmenistan dünýäniň iri energetika döwletleriniň hataryndadyr

17-10-2023 / 11

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ýollarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gönükdirilen energetika strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Ýurdumyz durnukly ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz şerti bolan energiýa serişdeleriniň ygtybarly, durnukly üstaşyr geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär. Şeýle-de, iri düzümleýin taslamalary öňe sürýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde işleri alyp barýar.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan dünýäniň iri energetika döwletleriniň hataryndadyr» diýip, parasatly nygtaýar. Hut şundan ugur alyp, ýurdumyz energetika diplomatiýasyny daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi. Ýurdumyz energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge saldamly goşant goşýar we bu ugurda möhüm başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär.

Bu günki gün Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda özüniň ýangyja we elektrik energiýasyna bolan isleglerini öz hususy baýlyklary bilen doly kanagatlandyrýan hem-de onuň ep-esli bölegini daşary ýurtlara çykarýan ýurt hökmünde tanalýar. Biziň ýurdumyz milli we umumadamzat bähbitlerine özüniň ägirt uly energetika mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga örän jogapkärli çemeleşmäge ygrarly bolup galýar hem-de bu ugurda anyk ädimleri ädýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek baradaky Kararnamalaryň kabul edilmegi hem bu aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr.

Energetika – milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlary, ýöriteleşdirilen halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. «Durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de onuň ähmiýeti» atly Kararnama ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda iki gezek kabul edilip, Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy Ýer ýüzünde giňden dabaralandyryldy.

Aýna HYDYROWA,
Türkmen Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu