Žurnalistiň sahypasy

Düýe bezegleri

17-10-2023 / 66

Düýe malyny diňe bir iş maly, ýüňini, süýdini peýdalanmak üçin ulanman, ony toý-baýramlarda hem peýdalanypdyrlar. Toýlarda, baýramlarda ýaryşlara goşulsa, türkmeniň iň bir naýbaşy toýy ogul öýermek toýunda gelin getirmek üçin düýäni kejebeläp bezäpdirler. Şeýlede kerweniň bezegi hem düýe bolupdyr.Düýäni bezemek üçin haly önümleri we gurama görnüşde edilen esbaplar peýdalanylypdyr. Olaryň her biri barada durup geçeliň:

Düýe halyk — toý güni düýäniň iki howudyndan asylýar. Düýe halyk bäş burçly bolup onuň ýokarky üç burçuna düýäniň howudyna berkitmek üçin işilen ýa-da örülen ýüp berkidilýär. Düýe halygyň iki gapdalyna we aşaky etegine düzüm-düzüm edilip örülen ýüpe dakylan gotazlar dakylýar. Gotazlar aşaklygyna sallanyp düýe halyga nepislik we owadanlyk berýär. Düýe halygyň ýüzi «zerbap», «gapyrga», «ak tegbent», «dyrnak» nagyşlary bilen bezelýär. Düýe halygyň kiçiräk görnüşleri torum üçin dokalyp «torum halyk» diýilýär.

Düýe halyk jübüt dokalýar we köplenç ýomut tirelerine degişlidir. Muzeýde çowdur tiresine degişli düýe halyk hem bar, ol öz görnüşi boýunça süýnmek torba meňzeş. Düýe halyk öýüň törüne bezeg hökmünde hem dakylypdyr.

Düýe dyzlyk — toý güni bezelen düýäniň dyzyna dakylýar. Öz görnüşi we bezelşi boýunça düýe halyga meňzeş. Kä ýagdaýda düýe dyzlyk kiçijik torba görnüşinde hem dokalýar. Düýe  dyzlyk jübüt dokalyp, düýäniň öň aýaklarynyň dyzyna dakylýar. Bezeg üçin öýüň törüne düýe halygyň gapdalyna asylýar. Düýe dyzlyk diňe gotozly ýüpden hem edilýär.

Düýe burunlyk — insiz uzyn dokalan haly zolokdan ybarat bolup onuň aşaky etegine düzüm-düzüm bolup duran gotoz dakylýar. Onuň iki gapdalyna örülen ýa-da işilen ala ýüp dakylýar. Ol ýüpe-de gotoz dakylýar. Düýe burunlygyň bir ujy düýäniň burnuna berkidilip, ikinji ujy düýäni itmek üçin gelniň ýuwurjisyine ýa-da oglan tarapdan bolan başga bir garyndaşyna eline tutdurylýar.

Düýe boýunluk — insiz uzyn zolok halydan ybarat bolup ýüzi ownuk nagyşlar bilen bezelýär. Düýe boýunlygyň iki gutarýan tarapyna gotozly ýüp dakylyp, düýäniň boýnuna dakylýar.

Kejebelik — kejebeligiň ýokarsy süýri göniburçly bolup, aşaky etegi aşak sallanyp duran üç bölege bölünen. Kejebeligi gapdallygyna goýsaň E-harpyny ýadyňa salýar. Onuň iki gapdalyna we ýokarky gyrasyna örülen ala ýüp we 2-3 sany gotoz tutulan.  Iki ýokarky gyrasyna kejebä berkitmek üçin ýüp tutulýar. Eteginiň bölekleriniň arasynda dörän boşluga dürli ýüň  sapaklardan uzyn seçek  edilýär. Kejebelik «tegbentli göl»,  «tegbent», «gyýak», «kemje sallan» nagyşlary bilen bezelýär. Kejebelik gelin alyp gelmek üçin bezelen düýäniň üstündäki kejebä dakylýar. 

Bagdagül REJEPOWA,
TOHI-niň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu