Žurnalistiň sahypasy

Öwrenýäris, öwredýäris

16-10-2023 / 13

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň öwredilýän sowadyň hilini we mazmunyny baýlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan biz hem ýöriteleşdirilen çagalar bakja-bagymyzda milli bilim syýasatyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarys. Çagalar bakja-bagymyzda aýratynda rus dilini çuňlaşdyryp öwretmäge gönükdirilen toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Okuw maksatnamalaryndan we düzgünnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri üstünliliki ýerine ýetirmek üçin, şeýle-de bagtyýar nesilleriň rus dili boýunça başarnyklaryny, sözleýiş dilini ösdürmek ugrunda sanlylaşdyrylan sapaklary ýokary derejede guramaga çalyşýarys.

Mekdebe çenli ýaşly çagalara rus dilini öwretmek baý terjibäni, yhlasy, guramaçylygy talap edýär. Şu nukdaýnazardan biz hem çagalar bakja-bagymyzda öňdebaryjy iş tejribäni özleşdirmäge, innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp sapaklary sanlylaşdyrylan esasda guramaga, usulyýetimizi baýlaşdyrmaga we netijeliligi ýokarlandyrmaga ymtylýarys. Daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmegiň usulyýetini kämil özleşdirip, sapaklarymyzy berkitmegi, geçilenleri gaýtalamagy  öwrediji oýunlaryň üsti bilen amala aşyrýarys. Rus dili sapaklarynda çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä audio we wideo materiallaryň, ekran eserleriniň kömegi arkaly dilden düşündiren temalarymyzyň üstüni ýetirýäris. Çagalar rus dilindäki audio ertekileri diňlemek arkaly rus diline we ertekidäki wakanyň mazmunyna düşünmäge girişýärler. Ol ertekileriň sahnalaşdyrylmagy bolsa nazary bilimleri, amaly taýdan berkitmäge täsir edýär. Wideo eserlere tomaşa etmek hem guralan sapaga özboluşly täsirini ýetirýär we çagalaryň gyzyklanmalaryny artdyrýar, ünsüni özüne çekýär. Şeýlelikde çagalarda dil öwrenmäge bolan höwes has-da kämilleşýär. Olaryň sesleri dogry gaýtalap bilmekleri, aýdymjyklary ýerine ýetirmekleri, rus dilinde goşgy bentlerini okamaklary geljede ýaşlaryň daşary ýurt dilinde ekrin gürlemeklerine itergi berýär.

Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda guralýan daşary ýurt dili sapaklarynda, okuw-terbiýeçilik işlerinde hem «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alynýar. Munuň özi ýurdumyzda bilimiň ilkinji basgançagy bolan mekdebe çenli çagalar edaralarynda geçilýän daşary ýurt dili sapaklarynyň has kämil we netijeli esasda amala aşyrylmagyny üpjün edýär. Geljek-de hem bu ugurdaky işleriň oňyn netijeli bolmagynyň esasyny düzýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim-terbiýä, hünär kämilligine,  çagalaryň irki ösüşiniň we mekdebe taýýarlygynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Aýna ATAJANOWA,
Mary şäherindäki rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji çagalar bakja-bagynyň rus dili mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu