Žurnalistiň sahypasy

Magtymgulynyň eserleri — türkmen pelsepesi

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

14-10-2023 / 22

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi çuňňur öwrenilýär we onuň mertebesine belent sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyz akyldar şahyrymyzyň şahyrana dünýäsiniň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmaz sütünine öwrülendigini belläp, söz ussadynyň döredijiligine ýokary baha berýär.

Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň ady dürli dillerde ýaňlanýar. Akyl paýhasyna sarpa goýlup, hormatyna bagyşlanyp ýurdumyzda, şeýle-de dünýäniň dürli künjeklerinde Magtymguly Pyragynyň heýkelleri oturdylýar.

Türkmenistanyň taryhyny öwrenmek, milli medeniýetimizi ösdürmek we türkmen şahyrlarynyň döredijilik mirasyny wagyz etmek boýunça Magtymguly adyndaky Halkara baýragy döredildi. Türkmen döwlet uniwersitetine, Türkmenistanyň milli sazly-drama teatryna, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky obalara, şaýollara şahyryň ady dakyldy. Türkmenistanyň Ýaşlar guramasy hem akyldar şahyrymyzyň adyny göterýär. Her ýyl ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bellenilmegi-de akyldar şahyrymyzyň halkymyzyň arasynda çuňňur hormatlanýandygyny äşgär edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy ildeşlerimiziň göwün guşuny ganatlandyrdy. Milli Liderimiziň şahyrana ylhamyndan gözbaş alnyp, ýurdumyzda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden dabaralandyrmak, çeper söz ussadynyň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek we döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň yglan edilmegi biziň ýüreklerimizi joşduryp, ylhamymyza ylham goşdy.

Akyldar şahyrymyzyň döredijiligini dünýä ýaýmaga ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Goý, Milli Liderimiziň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!

Nasiba BAZAROWA,
Çärjew etrabynyň 32-nji orta mekdebiniň ýokary derejeli türkmen dili we edebiýat mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu