Žurnalistiň sahypasy

«Arkadag» medaly – ynsanperwerligiň beýany

13-10-2023 / 10

Ýakynda Türkmenistanyň Kanuny bilen täze döwlet sylagynyň — «Arkadag» medalynyň döredilmegi halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy. 10-njy oktýabrda Söwda-senagat edarasynda guralan halkara serginiň ilkinji gününde jemgyýetiň içinde sylanýan-sarpalanýan adamlaryň, ösüp gelýän ýaş nesil üçin nusgalyk ynsanlaryň ençemesiniň täze medal bilen sylaglanylmagy tolgundyryjy pursatlara beslendi.

«Arkadag» medaly Türkmenistanyň döwlet sylagy bolup, adam bähbitlerini ileri tutmak, mertebesini belende göterip, adalatlylyk, adamkärçilik, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, haýyr-sahawatlylyk, hemaýata mätäçlere kömek bermek ýaly türkmeniň ata-baba ýol-ýörelgelerine, milli däplerine laýyklykda we meýletinlik esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer başlangyçlaryny wagyz etmek, bitiren hyzmatlaryna sarpa goýmak, toplan tejribesini, ösýän halkara abraýyny giňden goldamak babatda görnükli işleri bitiren ýurdumyzyň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredildi.

«Arkadag» medaly bilen döwletiň ynsanperwer durmuş syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, adamyň we raýatyň durmuş-ýaşaýyş, saglyk babatda hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramaga goşant goşan, howandarlyga mätäç adamlaryň, ylaýta-da, çagalaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna mynasyp, doly möçberde gatnaşmaga bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmeginde görnükli işleri bitiren, durmuş çygryny ösdürmäge, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat, saglygy goraýyş, meýletinçilik guramalarynyň, halkyň saglygyny goraýyş işini ösdürmäge, hususan-da, lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş babatda kömek bermäge, meýletinçilik hereketini ösdürmäge uly goşant goşan, eneligiň we çagalygyň bähbitleriniň üpjün edilmeginde, enäniňdir çaganyň abraýynyň, mertebesiniň goralmagynda, jemgyýetde çagalara mähirli garaýşyň kemala gelmeginde işleri bitiren raýatlar sylaglanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň “Arkadag” medalynyň gowşurylmagy aýratyn buýsandyryjy wakadyr. Munuň özi nsanperwer işleriň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridiginiň aýdyň beýanydyr.

Ranahan ŞADYÝEWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň rus dili mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu