
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň obasenagat toplumyny döwrebap ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Toplumy düýpli özgertmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek boýunça pudaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär. Bu bolsa obasenagat toplumynyň durnukly ösdürilmegine, azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge we durmuş-ykdysady abadançylygy pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygynyň tehniki binýady döwrebaplaşdyrylyp, pudaga ýokary hilli innowasion tehnologiýalar we onuň netijesinde sanly ulgamyň mümkinçilikleri netijeli ornaşdyrylýar. Pudakda gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň ençemesi gurlup, ulanmaga berildi. Şoňa görä-de, oba hojalyk önümçiliginiň gurluşy düýpli özgerdi. Maldarçylyk kämil derejelere ýetip, gowaçany ösdürip ýetişdirmek hem-de ak bugdaýyň bol hasylyny almak boýunça oňyn netijeler gazanyldy. Şeýlelikde, oba hojalyk önümleriniň öndürilişi artyp, ekerançylygyň medeniýeti we eksport mümkinçilikleri barha ýokarlanýar.
Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap maldarçylyk toplumlary, elewatorlar, ýyladyşhana hojalyklary, azyk önümlerini öndürýän kärhanalar, iri sowadyjy ammarlar hem-de suw arassalaýan desgalar guruldy.
Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge ägirt uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Suwhan AGANÝAZOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.



