
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan öňdengörüjilikli syýasatyň hem-de toplumlaýyn özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzda okgunly ykdysady ösüş üpjün edilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudagy, şol sanda ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlary milli we halkara tejribä laýyklykda kämilleşdirilip, ýokary netijeler gazanylýar. Munuň şeýledigini «akylly» şäher konsepsiýasynyň kadalary we «ýaşyl» tehnologiýalar esasynda gurlan Arkadag şäheriniň mysalynda-da görmek bolýar.
Arkadag şäheri ýurdumyzda, hatda tutuş sebitde amala aşyrylýan iň iri innowasion şähergurluşyk taslamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň keşbini özünde jemleýän bu şäherde dünýäniň ösen tejribesi, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalary işjeň ulanyldy.
Turuwbaşdan bir möhüm ýagdaýa ünsi çekeliň: täze şäheriň çäklerinde elektromobil taksileriň we elektrobuslaryň ulanylmagy meýilleşdirilýär. Olaryň ýangyjyň guýulmagy arkaly däl-de, elektrik energiýasy bilen işledilýändigini aýratyn bellemek gerek. Arkadag şäheriniň çäginde ýolagçylara hyzmat etmek üçin häzirki zaman elektrobuslarynyň we elektromobil taksileriniň ulanylmagy «akylly» şäher konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde alnyp barlan işleriň aýdyň netijesidir.
Täze şäheriň binagärlik aýratynlygynyň häzirki zamanyň ruhuna we ösen halkara görkezijilere laýyk gelmegi ugrunda edilýän tagallalar oňyn netijesini berýär. Arkadag şäheri «akylly» şäher hökmünde hem eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Munuň şeýledigine ýakynda Arkadag şäherine «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň gowşurylmagy hem şaýatlyk edýär. Bu bolsa Watanymyzyň täze şäherinde — milli kanunçylyk esasynda aýratyn hukuk derejesi berlen Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň beýanydyr.
Güljemal MUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 4-nji ýyl talyby.



