Žurnalistiň sahypasy

Ekologiýa abadançylygy – döwrüň talaby

13-10-2023 / 23

Ýurdumyzyň bedew batly ösüşinde yzygiderli senagatlaşmak, önümçilige öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we daşky gurşaw bilen sazlaşygy üpjün etmek meseleleri ileri tutulýar. Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça kanunçylygy halkara ekologiýa konwensiýalarynyň kadalary bilen doly sazlaşýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylmy seljermeleri alyp barmak, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki zaman şertlerinde ylym dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşini kesgitleýär, şol bir wagtda-da şeýle ösüşi kanagatlandyrmak üçin täze usullardyr innowasiýalary döretmäge mümkinçilik berýär. Ylmyň gazanýan innowasion täzelikleriniň daşky gurşaw bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy döwrüň esasy talaplarynyň biridir.

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga, senagat kärhanalarynyň ekologiýa howpsuzlygyna aýratyn üns berilýär. Bu babatda eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalar, guramalar, şol sanda daşary ýurt edara görnüşli taraplar, olaryň şahamçalary, wekilhanalary, telekeçilik işi bilen meşgullanýanlar üçin ekologik ätiýaçlandyrmasynyň girizilendigini bellemek bolar.

Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak ýurdumyz üçin aýratyn ähmiýetlidir. Sebitiň kontinentara çatrygynda ýerleşmegi, dünýä ykdysadyýetinde möhüm orun degişli bolan baý ýangyç we tebigy serişdeleri, biologiki köpdürlüligi, amatly howa şertleri ýurdumyzda we sebitde energetika, ulag we ekologiýa boýunça işjeň diplomatiýa gatnaşyklaryny alyp barmaga esas döredýär. Häzirki wagtda Hazarýaka döwletleriň işjeň sebit hyzmatdaşlygynyň çäginde Hazar sebitiniň özboluşlylygyny goramaga gönükdirilen hukuk binýady emele gelýär.

Daşky gurşawy goramak we ekologiýany abat saklamak ählumumy mesele bolup, şeýle meseleleriň biri hem Aral deňziniň suwunyň çekilmegidir. Ýurdumyzyň suw gorlaryny aýawly saklamak maksady bilen, ekerançylyk meýdanlarynda suwuň tygşytly ulanylmagy, damjalaýyn we emeli suwaryş usullaryny giňden ornaşdyrylmagy, zeý suw akabalarynyň kadaly işlemegi üçin olaryň arassalanmagy yzygiderli talap edilýär.

Her ýyl Diýarymyzda saýaly baglaryň, miweli agaçlaryň örän köp sanlysy oturdylýar. Köpçülikleýin bag ekmek ýaly jemgyýetçilik taýdan bähbitli ýörelge ýaşlarda ekologiýa medeniýetiniň ösmegine, ýurdumyzda ekologiýa taýdan amatly daşky gurşawyň döremegine itergi berýär, bu işler ynsan saglygyna hem amatly gurşawy döredýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarda, etraplarda döredilýän tokaý zolaklary şol künjekleri diňe bir tebigy taýdan gözelleşdirmän, eýsem, amatly howa ýagdaýyny hem döredýär.

Jahan ÝAGMYROWA,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu