Žurnalistiň sahypasy

Mirasymyz –– ruhy baýlygymyz

12-10-2023 / 12

Muzeýleriň, kitaphanalaryň işini döwrebaplaşdyrmak, olaryň işine täze çemeleşmeleri ornaşdyrmak, jemgyýetiň aýratyn-da ýaşlaryň ünsüni çekmeklik sergi toplumlarynyň gymmatlyklaryny dünýä ýaýmaklyk ýurdumyzda alnyp barylýan möhüm işleriň biridir.

Ynha, şeýle taslamalaryň biri-de Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli oktýabr aýynyň 9-14-i aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň waspy şekillendiriş sungatynda» atly Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň göçme sergisi we «Magtymguly Pyragy we edebi miras» atly Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitap sergisi guraldy.

Ýokary guramaçylykly geçirilýän göçme sergide ussat halypa suratkeşleriň nakgaş, heýkel we keramiki eserleriniň birnäçesi mynasyp orny eýeleýär. Ajaýyp döwrümiziň ruhuny şöhlelendirýän eserlerde şöhratly taryhymyz, milli gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz täze öwüşginde şöhlelendirilýär.

Kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleri, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dürli ýyllarda neşir edilen kitaplary, şeýle hem türkmen medeniýetine we sungatyna degişli kitaplar ýaşlarda kitaba bolan söýgini artdyrýar.

Merjen JUMAGYLYJOWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu