
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çuň many-mazmunly kitaplary okyjylaryň öňünde dünýäni açýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby-da şeýle neşirleriň biridir.
Bu eser «Ömrümiň manysy — ilim-günüm», «Hakydada orun alan pursatlar», «Ýagşy adam ýatdan çykmaz», «Watan — enäniň kalby», «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmegiň ugrunda», «Terbiýe — bagtyýarlygyň çeşmesi», «Mertebeli ýaşaýşyň manysy», «Ömrüňiz uzak bolsun!» ýaly bölümlerden we birnäçe bölümçelerden ybaratdyr. Kitapda durmuş sapaklary, ulularyň göreldesi, nesilleriň terbiýesi, ylym we bilim, saglyk we sagdynlyk, milli gymmatlyklar, şu günki ösüşler, öňde durýan wezipeler hakda manyly söhbetler edilýär, anyk mysallar getirilýär, oňyn çözgütler öňe sürülýär.
Kitapda gozgalýan meseleler, beýan edilýän durmuşy wakalar, öňe sürülýän pikirler nesil terbiýesi bilen gönüden-göni baglanyşyp, düýpli çemeleşilýär, milli terbiýäniň aýratynlyklary gymmatly çeşmelere esaslanyp beýan edilýär. «Terbiýäniň çeşmesi — kitap» atly bölümçede kitap we kitaphanalar, kitap okamak we dünýä akyl ýetirmek babatdaky düşünjeler jemlenýär. «Terbiýe hakda söz açylanda, kitap we onuň ähmiýeti hakda aýratyn durup geçmegi makul bildim. Sebäbi kitap ýörite söhbet edeniňe degýän gymmatlyk» diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtaýar. Şu dürdäne pikirlerden görnüşi ýaly, kitap tutuş adamzadyň durmuşynda mäkäm orun alan maddy hem ruhy gymmatlykdyr. Ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini ösdürmek olaryň dünýä akyl ýetirmeklerine ýol açmakdyr. Dünýä akyl ýetirmäge ukyply ýaşlar bolsa Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan nesiller bolup kemala gelýärler. Şeýle baglanyşyk jemgyýetiň kämil keşbini äşgär edip, jebisligi berkidýär.
Pederlerimiziň kitaba bolan sarpasynyň ýokary bolandygyna anyk subutnamalar az däldir. Bu barada hormatly Arkadagymyzyň eserinde-de beýan edilýär: «Argyşa giden ata-babalarymyz giden ýerlerine türkmeniň kitabyny äkitseler, baran ýerlerinden üýtgeşik, täsin, gyzykly we ähmiýetli kitaplary satyn alyp gaýdar ekenler. Türkmeniň özge halklar bilen kitaply gatnaşygy onuň edil saçakly gatnaşygy ýaly bolupdyr» diýilýär.
Kitaba söýgi kitaphanalaryň döremegine-de esas bolýar. Bu goja taryhyň ykrar eden maglumatydyr. Dünýäde diňe türkmen topragynda döredilen kitaphanalaryň özi geçmişde-de kitabyň sarpasynyň belent bolandygyny äşgär edýär.
Berdimyrat AŞYROW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.



