
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-2024-nji täze okuw ýylynyň ilkinji gününde ýaşlar bilen duşuşyp, ýurdumyzyň taryhyna, ýaş nesliň borçlaryna bagyşlanan umumy sapagy geçmegi hem taryhy gymmata eýe boldy. Hormatly Arkadagymyzyň halkymyzyň müňlerçe ýyllyk taryhy, milli gymmatlyklary, özboluşly däp-dessurlary, Watanymyzyň okgunly ösüşi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli maksatnamalar, berkarar döwletimiziň saýasynda ýurdumyzyň raýatlarynyň her biriniň öňünde durýan wezipeler, şunda ýaş nesliň borçlary baradaky örän aýdyň, watançylyga ýugrulan, çuňňur many-mazmunly sapagy hakydamyzda hemişelik galar.
Taryhymyzda öçmez yz goýan şahsyýetlerimiziň döredijilik mekdebi, sargytlary, sapaklary nusgalyk görelde bolup, ýaş nesilleriň durmuş ýollaryna ýagty nur çaýýar. Täze başlangyçlary öňe sürmek, döretmek, gurmak, parahatçylyk ýörelgelerini halkara giňişliginde ýaýbaňlandyrmak geçmişine buýsanjy bolan, ata-baba ýörelgelerine ygrarly, eziz Watanyny jany-teni bilen söýýän nesillere başardýar. Hut şol sebäpli hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy ähmiýeti bardyr. Bu umumy sapagyň sebitiň ilkinji «akylly» megataslamasy bolan Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçirilmegi hem özboluşly mana eýedir. Munuň özi gysga döwürde täze, ajaýyp şäheri gurmaga ukyply döwletimiziň, agzybir halkymyzyň beýik geljegi döretmäge ukyply nesilleri ýetişdirmek baradaky aladalarynyň çuňňur binýada esaslanýandygyny alamatlandyrýar.
Milli Liderimiziň taryhy çykyşyndan ynsanperwerlik, watansöýüjilik pikirleri, döwletimiziň Garaşsyz ösüşi, Bitaraplygyň mazmuny, ýurduň ykdysady galkynyşy we maksatnamalaýyn ösüşiň beýanlary, döwür hem geljek dogrusyndaky ylmy garaýyşlar, milli gymmatlyklarymyz, medeniýetimiziň ugurlary, nesil terbiýesiniň özeni hasaplanýan, parasatly ata-babalarymyzdan miras galan döwletli ýörelgelerimiz eriş-argaç bolup geçýär.
Ýaşlaryň giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaklaryny, täze talaplara taýýarlykly bolmaklaryny, täze tutumlara badalga bermegi başarmaklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolup ýetişmeklerini gazanmak beýik jemgyýetçilik wezipesidir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýaşlar bilen duşuşygy, ýaşlara eden sargytlary hem şol beýik maksatdan ugur alýar. Bu sargytlar ösüp gelýän ýaş nesliň ýagşyny-ýamany saýgarmagynda, adamyň durmuşda öz mynasyp ornuny tapmagynda gymmatly durmuş mekdebi, nesil terbiýesiniň özeni bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşynda öňe süren täze taglymatlary, öwüt-ündewleri halkymyzyň milli mirasyny, taryhyny, medeniýetini we sungatyny öwrenmek, olary dünýä halklarynyň arasynda ýaýbaňlandyrmak işinde, ýaşlaryň durmuşynda gymmatly gollanma öwrüler.
Jennet OMAROWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.



