
Dokma senagaty ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklarynyň biridir. Döwlet tarapyndan berilýän ählitaraplaýyn goldaw bilen bu pudak iň depginli ösýänleriň birine öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda täze dokma kärhanalarynyň gurulmagyna we bar bolan kärhanalaryň durkunyň täzelenmegine köp möçberde maýa goýumlar gönükdirildi we gönükdirilýär.
Häzirki wagtda dokma önümçiligine degişli 70-den gowrak kärhana, şol sanda iri dokma toplumlary, pagta egriji we dokmaçylyk önümçilikleri, tikinçilik fabrikleri, aýakgap fabrikleri, derini we ýüňi ilkilenç gaýtadan işleýän zawodlar hereket edýär.
Ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolmagy bilen baglylykda, dokma senagaty milli ykdysadyýetimiziň gaýtadan işleýän ulgamynyň esasy ugurlarynyň biridir. Oba zähmetkeşleriniň ösdürip ýetişdiren ak pagtalary dokma kärhanalarynda gaýtadan işlenilýär. Onuň netijesinde ýurdumyzda daşary ýurtly önümler bilen bäsleşip biljek harytlar emele gelýär. Dokma pudagynyň kuwwatynyň has-da ýokarlandyrylmagy ugrunda iri maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagy dowam edýär.
Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde täze ösüş belentliklerine çykan dokma pudagynyň kärhanalarynyň ekologiýa taýdan arassa ýüplükden taýýarlaýan dürli hili önümleri daşary döwletlerde iň bir uly isleg bildirilýän harytlara öwrüldi.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümleriniň ýokary hillidigi dünýäde ykrar edildi. Halkara gözegçilik we güwälendiriş kompaniýasy, daşary döwletleriň dokma barlag institutlary tarapyndan Türkmenistanyň dokma pudagynyň kärhanalaryna «Önümçiligi dolandyrmak we hile gözegçilik etmek ulgamy» boýunça ISO 9001, «Daş-töweregi goramak» boýunça ISO 14001 hem-de «Zähmeti goramak we kärhanalarda tehniki howpsuzlygy goramak» boýunça OHSAS 18001 güwänamalary berildi.
Suraý ŞYHYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.



