Žurnalistiň sahypasy

Garaşsyzlyk we türkmen ykdysadyýeti

07-10-2023 / 10

Garaşsyzlyk — türkmen ykdysady gudratyny gysga wagtyň içinde dünýä ýaýmaga, sanly ykdysadyýeti — ýurdumyzda sanly giňişligi döretmäge we milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmaga itergi beren güýç. Sebäbi dünýä bilermenleri tarapyndan esasy ara alnyp maslahatlaşylýan sanly ulgamyň giň müminçiliklerini ýurdumyzda ornaşdyrmak diňe özbaşdaklygymyzy almagymyz bilen mümkin boldy. Bu babatdaky möhüm ädimler bolsa, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysadyýetimizi ýokary hilli iň kämil innowasiýalar bilen üpjün etmek boýunça beren tabşyryklary we sanly ykdysadyýeti ösdürmegi strategik ähmiýete çykarmagy bilen ädildi. Munuň şeýledigine 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» gol çekmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýet Konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu resminama esasynda halk hojalygynyň pudaklarynyň ençemesi doly sanlylaşdyryldy. Sanly reformany amala aşyrmak babatda degişli işler dowam etdirilip, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda giň gerimli özgertmeler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, täzeden-täze önümçilikler ýola goýlup, oba hojalygynda, ulag we aragatnaşyk ulgamynda, gaýtadan işleýän senagatda, ylmy siňňitli önümçilikde ýokary netijeler gazanylýar. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine mümkinçilik berýär.

Garaşsyzlygynyň otuz iki ýylynyň içinde Türkmenistan ykdysadyýetini dünýä hojalygynyň ugruna laýyklykda depginli ösýän, özüni üpjün edýän milli modeline öwürmegi üstünlikli amala aşyrdy. Bu gün Türkmenistan Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň görkezijileri boýunça sebitdäki goňşularynyň aglabasyndan öňe geçip, ilatyň jan başyna düşýän içerki önümiň jemi (IÖJ) möçberi – ýurduň ykdysady ösüş derejesini kesgitleýän häsiýet boýunça dünýä ýurtlarynyň ilkinji ýüzlügine girýär. Ykdysadyýetiň garaşsyzlygyň başyndan bäri üstünlikli goldanýan durnukly ösüşi netijesinde 2012-nji ýylda Bütindünýä banky Türkmenistana girdejisi orta derejeden ýokary bolan ýurt statusyny (Upper Middle Income Country Status ) berdi.

Garaşsyzlygyň ilkinji ädimlerinden toplanan serişdäniň ýokary derejesi saýasynda Türkmenistan çig mal ykdysadyýetinden senagat-çig mal, dürlüleşdirilen ykdysadyýete geçmek üçin, çig mala baglylygyny gowşatmak maksady bilen, maýa goýma syýasatyny işjeň alyp bardy. Netijede diňe daşary ýurt öndürijileriniň tehnikasy we tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan aýry-aýry has döwrebap kärhanalar däl, eýsem ençeme pudaklar emele geldi.

Wepa JANGELDIÝEW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu