
Ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almakda we olara garşy göreşmekde uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz adamy döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary baýlygy hökmünde yglan etmek bilen, ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak meselelerine ägirt uly üns berýär.
Ýurdumyzda diňe BSGG tarapyndan güwälendirilen waksinalar alnyp, häzirki wagtda 14 keseliň öňüni alyş sanjymlary geçirilýär.
Biz ― lukmanlar ýokanç kesellere garşy göreş we öňüni alyş çärelerini yzygiderli geçirýäris. Şeýle çäreleriň üsti bilen bu keseliň ýaýramazlygy üçin öýleriň we iş otaglarynyň çalt-çaltdan howasyny çalşyp, ýelejiretmelidigini hem-de çygly tämizlik işleriniň, şahsy gigiýenanyň doly berjaý edilmelidigini halka ýetirýäris. Şeýle-de günüň içinde köpräk gök önüm iýmelidigini nygtap durýarys.
Dünýäde iň köp ýaýran ýokanç keselleriň biri bolan inçekesel adam bedenine howa damjalary arkaly mikrobakteriýalaryň aralaşmagy netijesinde döreýär. Keseli wagtynda öňüni almak örän wajyp mesele bolup, şeýle edilende, keselden doly gutulyp, saplanmagy gazanyp bolýar. Çünki kesel öz wagtynda ýüze çykarylanda, bejeriş çäreleri gaýry goýulman geçirilende, syrkawyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edilende, ýokanç keselleriň öňüni alyp bolýar. Doly geçirilen bejergi keseliň alamatlaryny aradan aýryp biler. Näsag yzygiderlikde lukman tarapyndan kadaly gözegçilikde bolmaly. Şeýle-de sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi doly ýola goýmaly. Wagtynda geçirilen bejergi keselden gutulmaga kömek eder.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýokanç kesellere garşy öňüni alyş çäreleriň toplumlaýyn işler durmuşa geçirilip, olar öz miwesinihem berýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly welaýatymyzda hem ýokup biläýjek howply ýokanç keselleriň döremeginiň öňüni almaga aýratyn üns berýärler we bu ugurda işjeň zähmet çekýärler.
Köpçüligiň üýşýän ýerleriniň ählisinde zyýansyzlandyryş, howply ýokançlaryň öňüni alyş işleri yzygiderli alnyp barylýar. Keselleriň öňüni almakda raýatlara sagdyn durmuş ýörelegeleriniň ähmiýeti, ýagny dogry iýmitlenmegiň, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň, zyýanly endiklerden, şol sanda çilim çekmek endiginden hem gaça durmaklyk barada yzygiderli wagyz-nesihat düşündiriş ileri alnyp barylýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek we olary doly berjaý etmek sagdyn jemgyýetimizi gazanmakda örän ähmiýetlidir.
Ýurdumyzda lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejede guralýandygy, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolandygy üçin Arkdagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Artur BABAKULYÝEW,
Lebap welaýatynyň Darganata etrap hassahanasynyň ýokanç keseller bölüminiň müdiri, wagyz-nesihat bölüminiň başlygy.



