
Türkmen halkynyň at-owazasyny dünýä tanadan Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň dürdäne döredijiliginiň ýyllar geçdigiçe, ynsan köňüllerine saçýan şuglasy has-da güýçlenýär, barha beýgelýär. Türkmen halky beýik söz ussatlaryna hemişe hormat goýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe söz mülkünden köşk gurup, adamzat dünýäsiniň ruhy gymmatlygyna öwrülmegi başaran dana Magtymguly Pyragynyň sarpasy has hem belent tutulýar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň, türkmen halkynyň üstünlikden-üstünlige barýan eýýamynda Pyragynyň şygyrlary bütinleý täzeçe ýaňlanýar. Beýik şahyryň ajaýyp edebi mirasy öz röwşen nuruny diňe bir türkmen halkynyň kalbyna çaýman, ol ýer ýüzüniň halklaryny dostlaşdyrýar, doganlaşdyrýar, halklary biri-birine ýakynlaşdyrýar.
Şahyryň şygyrlary ýigrimiden gowrak dillere terjime edilip, dünýä halklary tarapyndan okalýar. Russiýada, Ukrainada, Özbegistanda, Türkiýede şahyryň hormatyna onuň heýkelleri dikeldilýär, şahyryň baýramçylyk senesine bagyşlanyp, her ýylda dünýäniň dürli künjeklerinde halkara derejede ylmy maslahatlar, duşuşyklar, dabaraly çäreler geçirilýär. Onuň ajaýyp şygyrlary adamzat paýhasynyň dürdäneleri bolup ýalkym saçýar.
Köpetdagyň belent gerşinde akyldar şahyrymyzyň ýadygärligini öz içine alýan täze medeni-seýilgäh toplumynyň döredilmegi, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakynda ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlarynyň biragyzdan goldanylmagy beýik söz ussadyna goýulýan belent sarpanyň güwäsidir.
Goý, türkmen halkynyň abraýyny arşa göteren şahsyýetlerimizi mynasyp derejede sarpalaýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag bolsun, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Selbi DÖWLETNAZAROWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.



