
Taryhyň giň durmuş tejribesinden belli bolşy ýaly, ylym we bilime esaslanýan özgertmelerdir amal edilýän işler hemişe ösüşleri gazanmaga ýardam berýär. Muňa näçe diýseň anyk mysallar kän. Milli ösüşimiziň täze tapgyrynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda alnyp barylýan işler munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzyň döwrebap bilim we ylym merkezleri bolan ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleriň möhüm ugrudyr.
1-nji sentýabrda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde milletiň Baş Mugallymy Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen umumy sapagy ýaşlaryň hakydasynda ömürlik galar. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze binalaryň açylyş dabaralarynyň bolmagy Türkmenistanda alnyp barylýan giň gerimli işleriň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň düýbüni tutulmagy “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçýän şu ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda mynasyp orun alar.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji awgustynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda bina ediljek institutymyzyň binalar toplumynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak, ozal bar bolan inženerçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we täzelerini gurmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasyna tabşyryldy. Institutymyzyň binalar toplumy 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar ediler.
Bilimli nesil — ýagty ertirlerimiziň eýeleri. Ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda göz öňünde tutulýan özgertmeleriň täze tapgyry hem şöhraty belende göterilen türkmen döwletiniň synmaz kuwwaty bolan ýaşlarymyzyň ýagty ertirleri üçindir. Diýmek, ýaşlar syýasaty bilen utgaşykly durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegine we kämilleşmegine, ata Watanymyz Türkmenistanyň dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da belende göterilmegine mümkinçilik berer.
Mekan JEÝHUNOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.



