
Biziň ýurdumyzda ynsan saglygy ugrunda edilýän aladalaryň döwletiň iň ileri tutýan ugurlarynyň biridigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Biz her gün saglyk ulgamynda alnyp barylýan dünýä nusgalyk işleriň netijeleriniň gözli şaýady bolýarys. Döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde diňe bir ynsan saglygy ugrunda alada edilmän, eýsem, olary dikeltmekde, bejermekde gije-gündiz zähmet çekýän lukmanlar üçin hem çäksiz ýeňillikler döredilýär.
Her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we dermnan senagaty işgärleriniň güni uly dabaralara beslenip, giňden bellenilip geçilýär. Hünär baýramymyzyň bellenilip geçilýän günlerinde saglygy goraýyş ulgamynyň wekillerine hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýy we döwlet sylaglary gowşurylýar. Olaryň birnäçesine hormatly atlar dakylýar. Bu zatlaryň ählisi ynsan saglygyny goramak ýaly mukaddes kärde zähmet çekýän hünärmenlere goýulýan sylag-hormat bilen bir hatarda, bu ulgamy ösdürmekde bitirilýän işlere berilýän beýik bahadyr.
Ýadyňyzda bolsa, geçen ýakyn ýyllarda Lukman Arkadagymyz Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärlerine goşmaça ýeňillikleri döretmek baradaky Karara gol çekdi. Barmasy kyn bolan oba ýerlerindäki zähmet çekýän lukmanlaryň aýlyk zähmet haklaryna has-da köp göterim goşuldy, şeýle hem Saglygy goraýyş işgärleriniň ýaşaýyş jaý üpjünçiligi has gowulandyryldy.
Ýurdumyzda her ýylda saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy giňden bellenilip geçilýär. Bu zatlaryň ählisi bolsa bu ulgamyň işgärlerine bolan sylag- hormatyň ýokary derejesidir.
Soňky ýyllardaky saglyk merkezlerinde, hassahanalarda, saglyk öýlerinde döredilen giň mümkinçilikler ilatyň saglygyny goramak we dikeltmek bilen bir hatarda, lukmanlaryň işlerini hem ep-esli ýeňilleşdirýär. Bu zatlar bolsa saglygy goraýyş ulgamyndaky işleriň netijeliligi ozalkysyndan ep-esli ýokarlandyrdy. Munuň özi ýurdumyzda ynsan saglygy hakynda edilýän aladalaryň nobatdaky aýdyň mysalydyr. Şeýle döwrebap saglyk merkezlerini gurduryp, ulanmaga berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Eziz Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri mydama rowaç bolsun!
Zulfiýa JUMANYÝAZOWA,
Lebap welaýatynyň Darganata etrap hassahanasynyň Oba saglyk merkeziniň maşgala lukmany.



