
Dil – döwlet, dil bilmek – döwletlilik. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda güneşli Diýarymyzda ene dilimiz bilen birlikde, dünýä dillerini öwrenmäge hem giň mümkinçilikler döredilýär.
Adamlaryň ýüregine, kalbyna ýol salyp bilýän, dünýäniň halklaryny bir-birine ýakynlaşdyrýan, bilimlere giň ýollary açýan dil baýlygymyzy ösdürmek biziň her birimiz üçin örän möhüm wezipedir. Dil öwrenmek, daşary ýurt dillerini bilýän hünärmenleri ýetişdirmek barha we barha pajarlap ösüp barýan döwrümiziň talabydyr.
Geçmişde nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň, türkmen ylmy işgärleriniň, syýahatçylarynyň onlarça dili suwara bilendikleri taryhy çeşmelerde agzalýar. Şu günki ýaşlarymyzyň arasynda hem şeýle köp dil bilýän «poliglotlaryň» kemala gelýändigini ynam bilen aýdyp bileris.
Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini öwrenmekde we öwretmekde sanly tehnologiýalaryň ähmiýetini hiç zada deňäp bolmaýar. Ýaşlar islendik meselede özüni gyzyklandyrýan sowallara jogap tapmak üçin internete ýüz tutýarlar. Internet tory – dünýä dillerini öwrenmek üçin ygtybarly çeşme. Onlaýn sözlükler we terjimeçiler, wideo-sapaklar, programmalar, ýaş öwrenijiler üçin dürli dillerdäki sowal-jogap sahypalary, dil öwrediji prezentasiýalar has kämilleşýär, san taýdan artýar. Indi wagtyňy sarplap, menzil söküp, uzakdaky kitaphana gitmegiň, nobata durmagyň asla hajaty ýok. Saňa «Türkmençe-iňlisçe gepleşik kitaby» gerekmi? Baş üstüne! Telefonyňy ýa kompýuteriňi aç-da, gir internete. Onlarça kitap seniň hyzmatyňda!
Bellemek buýsançly, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda durmuşymyza şeýle «sanly» özgertmeleriň eýýäm ençemesi ornaşdy. Diýarymyzyň ähli künjegindäki bilim edaralary täze tehnologiýalar bilen yzygiderli üpjün edildi we bu iş üstünlikli dowam etdirilýär.
Çemen ALLAMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 5-nji ýyl talyby.



