Žurnalistiň sahypasy

Dokmaçylyk – ykdysadyýetiň möhüm pudagy

04-10-2023 / 21

Ber­ka­rar döw­le­tiň täze eýýamynyň Galkynyşy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da dok­ma pu­da­gy özü­niň ösüş­li ýol­la­ry­na ga­dam bas­dy. Ýur­du­my­zyň çar kün­je­gin­de hä­zir­ki za­man dok­ma top­lum­la­ry he­re­ket ed­ýär. Tä­ze-tä­ze fab­rik­le­riň gur­lu­şy­gy bol­sa, güýç­li dep­gin­lerde alnyp barylýar.

Soň­ky ýyl­lar­da dok­ma pu­da­gy­nyň önüm­le­ri­niň ge­ri­mi gi­ňel­di­lip, ola­ryň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy ýo­kar­lan­ýar. Ýur­du­my­zyň dok­ma kär­ha­na­la­ry­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy dok­ma önüm­le­ri­niň pag­ta­dan hem-de ýü­pek­den ön­dü­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni we gör­nüş­le­ri­ni art­dyr­ma­ga, da­şa­ry ýurt­ly önüm ön­dü­ri­ji­le­riň önüm­le­ri­niň or­nu­ny tut­ýan taý­ýar önüm­le­riň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Aş­ga­ba­dyň dok­ma top­lu­my, Türk­men­ba­şy dok­ma top­lu­my, Jin­si top­lu­my, Ru­ha­bat we Gök­de­pe dok­ma top­lum­la­ry mu­nuň aý­dyň my­sa­ly bo­lup dur­ýar.
Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň iň çalt dep­gin bi­len ös­ýän pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan dok­ma se­na­ga­ty­na tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da, önüm­le­riň hi­li­ne we ola­ryň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa­ly­gy­na hem uly üns be­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň dok­ma kär­ha­na­la­ry­nyň önüm­le­ri bu gün dün­ýä­niň meş­hur dok­ma kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň önüm­le­ri bi­len bäs­leş­mä­ge my­na­syp­dyr. Bu önüm­le­re dün­ýä ba­za­ryn­da ýo­ka­ry gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýär.

Dok­ma pu­da­gy­nyň döw­re­bap de­re­je­de ös­dü­ril­me­gi­nde oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň gör­ne­tin pa­ýy bar­dyr. Oba zäh­met­keş­le­ri­niň yh­las­ly zäh­me­ti ne­ti­je­sin­de, her ýyl ýur­du­myz­da pag­ta­nyň bol ha­sy­ly ön­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň pi­le­çi­le­ri hem öz öň­le­rin­de goý­lan borç­na­ma­la­ry ab­raý bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­rip, ýü­pek­den dok­ma önüm­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­ne sal­dam­ly go­şant goş­ýar­lar.

Dok­ma se­na­ga­ty­nyň önüm­çi­lik bin­ýa­dy yzy­gi­der­li döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. Ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly kär­ha­na­la­ryň dö­re­dil­me­gi­ne uly möç­ber­de ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň gö­nük­di­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, içer­ki we da­şar­ky ba­zar­la­ra dür­li gör­nüş­li önüm­le­ri ug­rat­mak ýo­la go­ýul­dy, ola­ryň gör­nü­şi yzy­gi­der­li art­dy­ryl­ýar.

Hal­ky­my­zyň dok­ma­çy­lyk se­ne­di­ni uly ro­waç­lyk­la­ra bes­län hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan döw­let­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Maral SEÝIDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu