Žurnalistiň sahypasy

Jemgyýetiň bitewüligi, halkyň jebisligi

29-09-2023 / 14

Halk bilen maslahatlaşmak, geňeşmek türkmeniň asylly milli däpleriniň we demokratik ýörelgeleriniň biridir. Asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, miras hökmünde sarpalanýan bu milli demokratik ýörelgäniň nusgasyny özünde jemleýän, görüm-göreldäniň mekdebi bolup durýan Halk Maslahaty halkyň köňül telwasyna gulak goýmagyň, durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz demokratiýany ösdürmekde raýat jemgyýetini kämilleşdirmegiň, dünýä ölçeglerine laýyklykda adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmegiň, hukuk taýdan goramagyň, syýasy ulgamy ösdürmegiň, şeýle-de kämilleşdirmegiň tapawutlandyryjy aýratynlyklaryna yzygiderli üns berýärler. Munuň özi ilatyň döwleti hem-de jemgyýeti dolandyrmaga işjeň gatnaşmagynda, raýatlaryň durmuş, syýasy hukuklarynyň täze mazmun bilen baýlaşmagynda öz beýanyny tapýan demokratiýany kämilleşdirmegiň yzygiderli işiniň ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşiniň baş kanunalaýyklygy hökmünde çykyş etmegine oňaýly täsir edýär.

Türkmen halky asyrlarboýy milli medeniýetine, diline, däplerine aýawly garamak bilen, gymmatly mirasyny nesilden-nesle geçirip geldi we baýlaşdyrdy. Ata-babalarymyzyň durmuş däpleri watançylyk, raýdaşlyk, adalatlylyk we öz halkyňa buýsanç duýgularyny sazlaşdyrmak üçin şertleri döretdi. Köpasyrlyk taryhyň dowamynda raýat jemgyýeti, ýagny il-ulsuň, ýurduň bähbitlerini sarpalamak, il bähbitli işlere işjeň gatnaşmak, ýagşylyga ýaran bolmak türkmen halkynyň esasy jemgyýetçilik ýörelgesi bolupdyr. Taryhy çeşmeleriň tassyklamagyna görä, il bähbitli möhüm meseleler boýunça çözgütleri kabul etmek üçin halk ýygnaklary, geňeşleri geçirilipdir.

Jemgyýetiň bitewüligi, halkyň jebisligi, asudalygy, bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti, parasatlylygy, ruhubelentligi hem-de Türkmenistan döwletiniň gülläp ösmegi, onuň dünýädäki abraýynyň artmagy hakyndaky garaýyşlaryň jemlenen beýany bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýy özüniň döwrebaplygy bilen häsiýetlendirilýär.

Nurmyratbaý HOJABAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu