Žurnalistiň sahypasy

Nesilleriň joşguny

29-09-2023 / 14

Ýurdumyzda ýaş zehinleri ýüze çykarmak, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek we milli sungatymyza bolan söýgülerini çuňlaşdyrmak maksady bilen dürli görnüşli çäreler we bäsleşikler yzygiderli yglan edilýär we guramaçylykly geçirilýär. Şeýle bäsleşikleriň şanly seneler mynasybetli mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem yzygiderli geçirilýändigini bellemek ýakymlydyr.

Şeýle bäsleşikleriň biri hem «Garaşsyzlygyň saýrak bilbilleri» atly körpeleriň aýdym we tans sungaty boýunça bäsleşigidir. Bu bäsleşik hem öz düzgünlerine we maksadyna laýyklykda, her ýylda ýaşajyk aýdymçylaryň we tansçylaryň ençemesini ýüze çykarýar we olaryň ilkinji sungat ädimlerine özboluşly badalga berýär.

Bu bäsleşigiň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli geçirilen tapgyry hem buýsançly täsirleri galdyryp, ezber körpeleriň ýüze çykarylmagynda oňyn netijeli boldy. Biziň çagalar bakja-bagymyzyň körpeleriniň «Garaşsyzlygyň saýrak bilbilleri» atly körpeleriň aýdym we tans sungaty boýunça bäsleşigiň şäher tapgyrynda saýlanyp, welaýat derejesinde Baş baýraga mynasyp bolmaklary bolsa ähli körpelerimiziň şatlygyny goşalandyryp, bizde uly buýsanç duýgularyny döretdi.

Ýeri gelende, şeýle joşgunly çykyşlary taýýarlamakda çagalaryň tans sungaty boýunça başarnyklaryny baýlaşdyrmakda, sahnada ýerine ýetirijilik we aýdym aýtmak ussatlyklaryny kämilleşdirmekde çagalar bakja-bagymyzyň terbiýeçileriniň we aýdym-saz ýolbaşçysynyň tagallalary hem bellärliklidir.

Täze okuw ýylynyň ilkinji aýynda ykjam taýýarlyk, uly höwes hem-de zehin-başarnyk bilen gazanylan şeýle  üstünlikler biziň her birimizi has yhlasly we tutanýerli, netijeli we gowy görkezijili işlemäge, bilim-terbiýeçilik işine has jogapkärli çemeleşmäge ruhlandyrýar. Bagtyýar nesilleriň joşgunyna joşgun goşup, ruhubelentligini artdyrýar, okamaga-öwrenmäge, medeni çärelere işjeň gatnaşmaga bolan höweslerini ýokarlandyrýar.

Ajaýyp zamanamyzda ýaş nesliň sagdyn ösüşi, kämil sowatly hem-de sungat söýüji, watanperwer şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda döredilýän şeýle uly mümkinçilikler üçin bolsa biz Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Goý, ýurdumyzda çagalaryň bagtyýarlykdan joşan hoş owazlary hemişe Garaşsyzlyk mukamy bilen sazlaşyp ýaňlanyp dursun!

Gülälek ESENOWA,
Mary şäherindäki 34-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu