Žurnalistiň sahypasy

Mertebeli pursatlar unudylmaýar

Taryhy waka seslenme

29-09-2023 / 11

Mälim bolşy ýaly, döwlet Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly baýramynyň bosagasynda — 24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýyl senenamamyza altyn harplar bilen ýazyldy.

Ýurdumyzyň döwlet, syýasy we jemgyýetçilik durmuşynda ýokary ähmiýeti bolan hem-de üstünlikli geçirilen bu Maslahata gatnaşmak bize hem nesip etdi.

Halk Maslahatynyň şol mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň eden taryhy çykyşlary biziň üçin bahasyna ýetip bolmajak durmuş mekdebine, görelde sapagyna öwrüldi. Ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent derejesi, geljegiň möhüm ähmiýetli wezipeleri dogrusynda edilen çykyşlar biziň her birimizde mähriban topragymyza, il-halkymyza, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimize, öz kärimize we hünärimize bolan söýgümizi çuňlaşdyrdy.

         Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyzyň öz taryhy çykyşynda Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýetini nygtamagy, Garaşsyzlyk düşünjesi hakyndaky pelsepewi pikirleri, ýurdumyzda ýaşlaryň alyp barýan işine ýokary baha bermegi taryhyň, şu günüň hem-de geljegiň özara baglanyşygyny, türkmeniň döwletlilik ýörelgesiniň mynasyp dowam etdirilýändigini görkezdi.

Milli Liderimiz çuň manyly sözlän sözünde: «Türkmen halkynyň terbiýe mekdebi müňýyllyklaryň dowamynda kemala geldi. Şoňa görä-de, biz nesil terbiýesine, pähim-parasatly ýaşulularymyzyň, eziz enelerimiziň bu ugurdaky hyzmatyna uly ähmiýet berýäris» diýip belledi. Bu parasatly sözler bolsa gadymy türkmen topragynda milli terbiýeçiligiň pugtalanýandygyny hem-de onda eziz käbelerimiziň mynasyp ornuna göz ýetirmäge esas döredýär. Munuň özi biz — zenanlar, bilim işgärleri, terbiýe mekdebi bolan mähriban eneler üçin hem juda buýsandyryjydyr.

Taryhy maslahatyň nobatdaky mejlisine hormatly Prezidentimiziň eden çuň manyly çykyşynda hem peder ýolunyň dowamatyna göz ýetirmek bolýar. Mertebesi belent Prezidentimiz hem öz çykyşynda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, döwletimiziň milli ykdysady kuwwaty, halkara gatnaşyklary, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy, zähmet mümkinçilikleri hem-de geljek üçin möhüm ähmiýetli wezipeler dogrusynda giňişleýin belläp geçdi. Şunda milli bilim ulgamynyň işine, bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge aýratyn ünsi çekip, mekdebe çenli, başlangyç, esasy orta, mekdepden daşary we goşmaça bilim boýunça okatmagyň usulyýetini  milli tejribä, döwlet we halkara bilim standartlaryna laýyk getirýän resminamany ― Türkmenistanda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň taýýarlanylmagynyň möhümdigini belledi. Munuň özi geljekde ýaş nesillerimize berilýän bilimiň hiliniň we mazmunynyň has-da ýokarlanjakdygyny, milli bilim-terbiýeçilik işiniň usulyýetiniň has-da döwrebaplaşdyryljakdygyny alamatlandyrýar. Biz — bilim işgärleri hökmünde şeýle ajaýyp başlangyçlary tüýs ýürekden goldaýarys we has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlanýarys.

Ýeri gelende bellesek, bu mejlisde hormatly Prezidentimiziň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ada mynasyp bolan ýaşuly nesliň wekillerine hem-de «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan ildeşlerimize sylaglary gowşurmagy bolsa, dürli ulgamlarda tutanýerli zähmeti, ýaşlary watançylyk we milletiň belent ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň ruhunda terbiýelemekde alnyp barlan asylly işleri bitirenleriň hemişe Şa serpaýyndan paýlydygynyň buýsançly beýanyna öwrüldi.

Şol taryhy wakada Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen Gahryman Arkadagymyz tarapyndan esaslandyrylan döwletliligiň synmaz sütünini berkitmekde taýsyz hyzmatlary bitirýän, Watanymyzyň halkara abraýyny, şan-şöhratyny we mertebesini artdyrmakda yzygiderli beýik işleri alyp barýan hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesiniň ― «Altyn Aý» altyn medalynyň gowşurylmagy bilen, Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy biziň her birimiziň başymyzy göge ýetirdi. Elbetde, bu belent at peder ýoluny dowam edýän Arkadagly Gahryman Prezidentimize halkymyzyň goýýan çuňňur sarpasynyň, egsilmez hormatynyň hem nyşanydyr.

Elbetde, bu wakanyň özi hem-de kabul edilen möhüm ähmiýetli çözgütler mundan beýläk hem halkymyzyň ykbalyny gülledip ösdürmäge täsirini ýetirer. Bize bolsa şeýle ajaýyp zamanada işlemäge, döretmäge, ýaş neslimizi milli ruhda terbiýelemäge, halkymyzyň arasynda döwlet syýasatymyzy wagyz etmäge mundan beýläk hem işjeň gatnaşmak galýar. Çünki türkmen raýatlaryna bildirilýän beýik ynam hem-de döredilýän mümkinçilikler diňe asylly maksatlar bilen öňe gitmäge hyjuwlandyrýar.

Merdana milletimiziň milli mertebesini belende göterýän, ýaşyl Tugumyzy belentde parladyp, Garaşsyz döwletimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.

Ogulgerek ABDYLLAÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdiriliginiň bölüm müdiri, Mary welaýat halk maslahatynyň başlygynyň orunbasary, Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu