
Ýurdumyzda ýaş nesliň sowatlylygyny gazanmak ugrundaky wezipeler mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlanýar. Şu nukdaýnazardan, çagalaryň mekdebe taýýarlygynda we terbiýelenilişinde döwrebaplyga we häzirkizaman bilim ýörelgelerine esaslanylýar.
Biziň çagalar bagymyzda hem milli bilim syýasatyndan, terbiýeçilik ýörelgelerinden ugur alnyp, degişli okuw-terbiýeçilik işleri bilen bir hatarda, iňlis dilini çuňlaşdyryp öwretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Iňlis dilini çuňlaşdyryp öwretmek maksady bilen, degişli Düzgünnamalar esasynda daşary ýurt dilleri ýöriteleşdirilen häsiýetde geçilýär. Çagalaryň daşary ýurt dillerini mynasyp öwrenmeklerini, olaryň daşary ýurt dillerinde gürlemek boýunça ilkinji endiklerini kemala getirmek işine usulyýetiň häzirkizaman talaplaryna laýyklykda çemeleşilýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda hem ýöriteleşdirilen çagalar bakja-bagymyzyň iňlis dili boýunça okuw-usuly goruny artdyrmaga, üstüni ýetirmäge we baýlaşdyrmaga işjeň çemeleşildi. Welaýatymyzyň halypa pedagoglarynyň, etrap bölüminiň hünärmeni O.Orazmyradowanyň usuly goldawlary we tejribeli iňlis dili mugallymlarynyň işjeň zähmeti netijesinde üstümizdäki okuw ýylynda ýöriteleşdirilen çagalar bakja-baglaryna mahsus çäreler durmuşa geçirildi. Munuň özi okuw ýylynyň dowamynda alnyp baryljak daşary ýurt dilleri boýunça, esasan hem, iňlis dili boýunça geçiriljek sapaklaryň hilini we mazmunyny artdyrmaga mümkinçilik döredýär.
Iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen çagalar bakja-bagymyzyň terbiýeçi-usulyýetçisi A.Durdyýewanyň usuly, okuw-terbiýeçilik işlerini talabalaýyk alyp barmaga bolan işjeňliginiň degişli wezipeleriň netijeliligini gazanmaga itergi berýändigini, I derejeli iňlis dili mugallymy G.Jepbarowanyň, I derejeli rus dili mugallymy H.Baratowanyň iş tejribelerini kämilleşdirmäge we öňdebaryjy iş tejribesini özleşdirmäge bolan yhlasy, sapaklaryny häzirkizaman usulyýetine laýyk guramaklary aýratyn zehinli çagalaryň, daşary ýurt dillerini mynasyp öwrenip bilýän körpeleriň kemala gelmegine täsir edýändigini hem bellemek bolar. Şu nukdaýnazardan hem bilim işgärleriniň sazlaşykly zähmeti, döredijilikli çemeleşmeleri, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmekleri, häzirkizaman tejribelerini öwrenmekleri we iş usullaryndan peýdalanmaklary ýurdumyzda milli bilim syýasatyna mynasyp goşant goşmaga ýol açýar.

Çagalar bakja-bagymyzyň binasynyň we degişli okuw otaglarynyň çagalyk dünýäsine we diller älemine mahsus bezelişine, sanly ulgam boýunça işlenip-düzülen taslamalaryň ornaşdyrylyşyna, elektron maglumat gorunyň baýlaşdyrylyşyna üns bermek we ony yzygiderli dowam etmek arkaly bolsa körpeleri dil öwrenmäge höweslendirýäris, hünärlerini kämilleşdirýäris. Bilim ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen şeýle mümkinçilikler bolsa geljekde hem özümize bilidirilen ynamy ödemek üçin ýaş nesillerimiziň röwşen ertirleri, sagdyn irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy, terbiýeliligi we sowatlylygy ugrunda yhlas bilen zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanlylaşdyrylan ulgamda, milli we halkara tejribesine daýanyp okuw usulyýetini kämilleşdirmäge, dostluk köprüsi bolan dünýä dillerinde erkin gürläp bilýän, sagdyn pikirli, arassa ahlakly, watansöýüji we päk garaýyşly ýaş nesilleri ýetişdirmäge, tutanýerli we netijeli işlemäge döredilýän bimöçber mümkinçilikler üçin Alym Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza kalby buýsançly türkmenistanlylaryň, şol sanda bilim-terbiýeçilik işgärleriniň we bagtyýar nesillerimiziň arzyly alkyşlary soňlanmazdyr.
Gülşat HOJANIÝAZOWA,
Türkmengala etrabyndaky iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän 8-nji ýöriteleşdirilen çagalar bakja-bagynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, TDP-niň işjeň agzasy.



