
Ata-babalarymyzyň sekiz asyrlap küýsän döwletliligi, garaşsyzlygy, erkinligi türkmen topragynda baky berkarar boldy. Magtymguly atamyzyň:
…Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
diýip islän berkarar döwletiniň şany hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda äleme dolýar. Garaşsyz bolup ýaşamagyň, döwletli bolup ömür sürmegiň neneňsi mertebedigine, nähili beýiklikdigine düşünen pederlerimiz bu topragyň erkinligi üçin birjik-de yhlasyny, şirin janyny aýamadylar.
Pederlerimizden gelýän asylly ýörelgeler 24-nji sentýabrda paýtagtymyzda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde has-da belentden dabaralandyryldy. Döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülen umumymilli forumyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri girizildi.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz demokratiýany ösdürmekde raýat jemgyýetini kämilleşdirmegiň, dünýä ölçeglerine laýyklykda adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmegiň, hukuk taýdan goramagyň, syýasy ulgamy ösdürmegiň, şeýle-de kämilleşdirmegiň tapawutlandyryjy aýratynlyklaryna yzygiderli üns berýärler. Munuň özi ilatyň döwleti hem-de jemgyýeti dolandyrmaga işjeň gatnaşmagynda, raýatlaryň durmuş, syýasy hukuklarynyň täze mazmun bilen baýlaşmagynda öz beýanyny tapýan demokratiýany kämilleşdirmegiň yzygiderli işiniň ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşiniň baş kanunalaýyklygy hökmünde çykyş etmegine oňaýly täsir edýär.
Şu gezekki taryhy maslahatda halkymyzyň, Watanymyzyň bähbidine örän köp wezipeler, örän köp tutumlar öňe sürüldi, halk wekilleriniň teklipleri diňlenildi. Türkmenistany ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan we häzirki döwürde ata-babalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirmek babatda giň gerimli işleri amala aşyrýan gujur-gaýratly, zehinli, maksada okgunly döwlet Baştutanymyzyň ägirt uly hyzmatlarynyň göz öňünde tutulyp, foruma gatnaşyjy ýaşulularyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy baradaky teklibiň biragyzdan goldanylmagy halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ählihalk tarapyndan goldawa mynasyp bolýandygynyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň mähriban halkymyzyň söýgüsini gazanandygynyň aýdyň beýanydyr.
Goý, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gudraty bilen gazanýan ýeňişlerimiziň, ýetýän belent sepgitlerimiziň dowamy dowamat bolsun! Goý, ak ýollar bilen halkyny eşretli günleriň gujagyna alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Annagül MEREDOWA,
Daşoguz şäheriniň 23-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.



