
Şanly Garaşsyzlygymyzyň baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi döwlet durmuşynda uly ähmiýete eýe bolup, ýurdumyzyň mundan beýläk-de kuwwatly ösdüriljekdiginiň, halk bitewiliginiň we döwletiň esaslarynyň has-da berkejekdiginiň nyşanyna öwrüldi. Bu taryhy waka gatnaşmak bize hem miýesser etdi. Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda örän ýokary ähmiýeti bolan Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmak bilim işgärleri hökmünde bizde uly täsirleri galdyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taryhy çykyşlary biziň üçin görelde sapagyna öwrüldi, eziz Diýarymyza bolan hormat-sarpamyzy, Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmaga bolan yhlasymyzy has-da ýokarlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň bu mejlise gatnaşyp, eden taryhy çykyşynda ýurdumyzyň ähli ulgamlary babatda aýdanlary bilen bir hatarda Türkmenistanda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekmegi hem buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Ylym-bilime aýratyn sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň bu babatda aýdanlary bizi has-da yhlasly işlemäge ruhlandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň hem her birimiz üçin nusgalyk sapaga öwrülen çykyşynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýeti dogrusynda nobatdaky gezek nygtamagy parasatly halkymyzda guwanç duýgularyny, öz beýik şahsyýetlerine bolan hormat-sarpasyny çuňlaşdyrdy.
Ýeri gelende bellesek, şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlary göz öňünde tutulyp ençeme watandaşlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky resminamanyň kabul edilmegi, döwlet durmuşyna we halkyň geljegine bagyşlanan taryhy çözgütleriň kabul edilmegi hem buýsandyryjydyr.
Biziň her birimizi tolgundyran, başymyzy göge ýetiren pursat bolsa şol taryhy günde hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy boldy. Bu bolsa Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesine eýe bolan Arkadagly Serdarymyza eziz halkymyzyň egsilmez sarpasynyň alamatydyr hem-de bitiren ägirt uly işlerine goýulýan uly hormatdyr.
Biz hem toýlary toýlara ulaşýan mekanymyzda şeýle taryhy wakalar bilen, il ykbaly-ýurt mertebesi bilen bagly arzyly pursatlar bilen ähli ildeşlerimizi mübärekleýäris. Garaşsyz Türkmenistanyň şan-şöhratyny artdyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.
Çemen ÇALYÝEWA,
Mary şäherindäki 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň mugallymy.



