Žurnalistiň sahypasy

Paýhasy dünýä dolan Pyragy

27-09-2023 / 10

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri halkyň kalbynda hemişelik orun aldy. Dana Pyragynyň çoh garaşan ajaýyp eýýamy şu arzyly zamanamyzda hasyl boldy. Arkadagly Serdarymyzyň: «Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip belleýşi ýaly, akyldar şahyryň dürdäne goşgularynda öňe sürülýän paýhasly pikirler ähli halklar üçin watansöýüjiligiň nusgalyk mekdebine öwrüldi.

Magtymguly atamyzyň sanardan kän eserleri filosofiýa baýlygyna ýugrulypdyr. Dana pikirleriň yzygiderliligi, sözleriň many goýazylygy we bentleriň akgynlylygy her bir okyjyny özüne bendi edýär. Umman ýaly çuň, asman ýaly giň mazmuny şygyr setirlerine salyp, gysgadan sünnäýi beýan etmegi akyldaryň nusgalyk ussatlygyny ykrar edýär. Megerem, şonuň üçindir, uly gürrüňler, agyr kitaplar Magtymgulynyň bir sözde jemlän jümleleri bilen başlanýar. Bu günki günde gadymy türkmen diliniň sözlerini öwrenmekde, olaryň many ýaýlasyna aralaşmakda Magtymguly Pyragynyň köp manyly eserleriniň ähmiýeti uludyr.

Ýaňy-ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hem Gahryman Arkadagymyz eden taryhy çykyşynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýeti hakynda belläp geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň eserleri, taryhy çykyşlary hem beýik akyldaryň ömrüni we döredijiligini öwrenmekde gymmatly çeşmedir. Milli Liderimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy hem türkmen akyldarynyň şahsyýetini öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak edebi gymmatlykdyr.

Merdana türkmen halky öz beýik söz ussadyny — ägirt şahsyýetini hemişe sarpalap, onuň edebi, ylmy pelsepewi mirasyna aýawly garaýar. Ol türkmen halkynyň milli buýsanjyna, belent mertebesine deňelýär. Her ýylda öz danasynyň şanyna baýram belleýän halkymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny hem barha dabaralandyrýar. Şahyryň hormatyna sungat ussatlarymyz hem dürli eserleri döredýärler. Olaryň arasynda nakgaşçylyk eserleri, ekran eserleri, aýdym-saz sungatynyň eserleri toýly günlere ýaraşyk berýär. Magtymgulynyň goşgularynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýä hatyrasy» maksatnamasyna goşulandygy hakyndaky hoş habar ähli halkymyz bilen birlikde tutuş adamzady hem guwandyrdy. Munuň özi türkmen akyldarynyň şan-şöhratynyň bakydygyndan, ruhy taýdan baýdygyndan alamatdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli edebiýatymyzyň görnükli ussady, parasatly Pyragynyň şan-şöhratyny dünýä ýüzünde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Şatlyk ORAZMYRADOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu