
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhy wakalary ýurt ykbalynda täze sahypalary açýar. Garaşsyz Diýarymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda ýokary ähmiýete eýe bolup, ýyl senenamasyna altyn harplar bilen ýazylan wakalaryň biri hem Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary guramaçylykly we üstünlikli geçirilmegi bilen baglydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen bu döwletli maslahata gatnaşmak bize hem nesip etdi. Paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde dabaraly ýagdaýda geçen bu maslahat Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň we öňde duran täze menzilleriň özboluşly beýanyna öwrüldi.
Halk Maslahaty milli demokratiýanyň ýurdumyzda halka daýanyp, halkyň hatyrasyna beýik işleriň amala aşyrylýandygyny görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşy bolsa biziň üçin uly mekdebe öwrüldi. Milli Liderimiziň sözlän sözi halkymyzy beýik geçmişine buýsanmaga, has röwşen ertirlere ynam bilen garamaga esas döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň hem bu taryhy waka gatnaşmagy ähli gatnaşyjylarda egsilmez guwanç-buýsanç duýgularyny döretdi. Arkadagly Serdarymyzyň «1991-nji ýyldan bäri geçen 32 ýylyň dowamynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmakda örän köp işler amala aşyryldy. Bu döwür möhüm wakalar we ägirt uly üstünlikler bilen şöhratlandy» diýip bellän sözleri bolsa ata Watanymyza bolan söýgimizi has-da çuňlaşdyrdy.
Halk maslahatynyň taryhy çözgütleri bilen birlikde, hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi ― «Altyn Aý» altyn nyşanynyň gowşurylmagy bilen, Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy ähli türkmenistanlylaryň başyny göge ýetirdi.
Biz hem şeýle taryhy wakanyň şaýady bolan bilim işgäri hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazylan bu ajaýyp pursatlar bilen Milli Liderimizi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Dünýäde parahatçylygy pugtalandyrýan, ata Watanymyzy gülledip ösdürýän Gahryman Arkadagymyza we Gahryman Prezidentimize egsilmez alkyşlar aýdýarys.
Toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşsyn!
Çynar KADYROWA,
Mary şäherindäki 13-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.



