Žurnalistiň sahypasy

Dünýä sportunyň iri merkezi

28-09-2023 / 9

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýunyň täsirli günlerinde Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýetilýän sepgitler barada oýlanmagyň özi bagtlylykdan nyşan. Eziz Diýarymyzyň köpugurly ösüşiniň ýekeje pudagy – sport ulgamynda ýetilen sepgitler barada gürrüň etmek bolsa has-da ýakymly. Ýurdumyzda sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işler örän bimöçberdir.

Sport bilen yzygiderli meşgullanmak ähli ýaşdaky adamlaryň boş wagtlaryny netijeli geçirmegine, ynsan bedeniniň berkemegine kömek edýär. Yzygiderli bedenterbiýe maşklary adamda oňyn şahsy häsiýetleriň, işjeň durmuş hereketiniň kemala gelmegini üpjün edýär. Sport we bedenterbiýe adamlaryň saglygynyň köpugurly guraly we onuň ukyplarynyň amala aşmagynyň hem-de ösüşiniň esasy şerti bolup durýar.

Häzir dünýäde sport halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm düzüm bölegi, ussatlylygy bilen olimpiýa hereketiniň belent maksatlaryny tassyklaýan türgenler bolsa parahatçylygyň ilçileri hasaplanylýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi baýram etmek hakynda ýörite Kararnamanyň kabul edilmegi hem ählumumy rowaçlygyň, parahatçylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine sport diplomatiýasynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan biragyzdan goldaw tapýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Soňky ýyllarda işjeň syýasy, işewür, medeni we jemgyýetçilik durmuşynyň jemlenen ýeri bolan Aşgabat eziz Diýarymyzyň baş şäheri diýen belent derejesine laýyklykda, dünýä sportunyň iri merkezine hem öwrüldi. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem Milli Liderimiziň başyny başlan täzeçil şähergurluşyk strategiýasy hem-de hormatly Prezidentimiziň tükeniksiz aladalary netijesinde,  ýokary halkara ölçeglerine laýyk derejede enjamlaşdyrylan sport we atçylyk sport toplumlary, döwrebap awtodromlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri yzygiderli guruldy, şolar dünýäniň täze çempionlaryny terbiýelemäge hem-de Olimpiýa ätiýaçlygynyň kemala getirilmegine ýardam berýär. Paýtagtymyzyň bezegine öwrülen bu sport desgalary ýurdumyzyň täze sport üstünliklerine tarap ynamly gadamynyň alamatyna öwrüldi.

Berdiýar NURHANOW,
Köýtendag etrabynyň 1-nji sport mekdebi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu