
Türkmen topragy müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň ähmiýetli wakalarynyň mesgeni boldy. Bu toprak ekerançylyk, maldarçylyk, ylym, medeniýet we sungat siwilizasiýasynyň ösen ýeridir. Keremli türkmen topragy ak bugdaýyň ylmy esasda ykrar edilen ilkinji Watany hasaplanýar.
Ak bugdaýyň, ak pagtanyň, datlydan-datly miwelerdir gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilýän ýurdy bolan güneşli Diýarymyzda oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda irginsiz aladalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, oba zähmetkeşleri üçin ýerden bol hasyl öndürip ýetişdirmek babatda uly goldaw berilýär. Ýer, suw, tehnika we dökün üpjünçiligi döredilýär. Döwlet tarapyndan uly goldawa eýe bolan edermen babadaýhanlarymyz ýylyň-ýylyna oba hojalyk ekinlerinden alynýan hasylyň möçberini artdyryp, döwletimiziň kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşup gelýärler.
Hormatly Prezidentimiziň goldawy netijesinde topraga bagry badaşan daýhanlaryň täze bir keşbi kemala geldi. Ol topraga, ekine söýgi we yhlas bilen çemeleşýär. Mydama ýokary hasylyň aladasynda ýörýär. Daýhançylyk onuň üçin metebeli iş saýylýar. Bu bolsa daýhanyň asylly zähmeti bilen ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda amala aşyrylýan örän giň möçberli maksatnamalaryň we deňi-taýy bolmadyk taslamalaryň durmuşa geçişinde bir ajaýyp sazlaşygy döredýär.
Ahmet TAGANOW,
TOHI-niň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Ýer gurluşygy we kadastry hünäriniň 4-nji ýyl talyby.



