
Parahatçylygy elmydama depesine täç edinen türkmen halky hem Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply, oňyn strategik hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu hyzmatdaşlygyň geçen 31 ýylynda BMG bilen bilelikde durmuşa geçirilen uly göwrümli taslamalar, ýetilen sepgitler Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginde derwaýys meselelere öz wagtynda mynasyp çözgütleri hödürleýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar.
2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmagy möhüm taryhy waka boldy. Nobatdaky sessiýanyň gün tertibi okgunly ykdysady ösüşe ýardam bermek, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine, howplaryna garşy durmak, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, adam hukuklary ýaly möhüm ugurlara we beýlekilere degişli meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar.
Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden çykyş edip, sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny, şeýle hem ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze, döredijilikli başlangyçlaryny beýan etdi.
Çykyşynyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlary BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň başlanmagy bilen gutlady we netijeli işlemegi arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz ilçi Dennis Frensisi Baş Assambleýanyň Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlady hem-de oňa şu jogapkärli döwürde alyp barjak işinde goldaw we ýardam beriji sözlerini beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde hut örän ýokary jogapkärçilik duýgusy biziň guramamyzyň agza ýurtlarynyň 193-siniň ählisini hem birleşdirmelidir. Geografik taýdan ýerleşýän ýerine, ilatynyň sanyna, ykdysadyýetiniň möçberine, jemgyýetçilik-syýasy nusgasyna garamazdan, olaryň her biri Milletler Bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge öz möhüm goşandyny goşmalydyr. Köp sanly sebäplere görä, häzirki zaman dünýäsi örän düýpli wehimleriň birnäçesi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýüze çykmagynyň aýratynlyklary bilen, olaryň ählisi döwletara gatnaşyklaryň barşyna azda-kände täsir edýär. Ählumumy gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça ylalaşylan ösüş meýilnamalarynyň hem-de maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ýygy-ýygydan ýaramaz täsirini ýetirýär. Bu bolsa, öz gezeginde, BMG-niň esasy işi hökmünde ählumumy howpsuzlygyň düýpli sütünleriniň weýran bolmagyna getirip biler. Muňa, elbetde, ýol bermek bolmaz diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Döwletimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň ählumumy we sebit meseleleri boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmegi dowam edip, bu möhüm resminama özünde birnäçe esasy ugurlary jemleýär. Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri şolaryň hatarynda aýratyn orun eýeleýär.
Gülnar AKYLLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.



