
Ýakynda Mary şäherindäki rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji çagalar bakja-bagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz» atly okuw-görkezme, paýlama esbaplarynyň sergisi guraldy. Welaýatyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim-terbiýeçilik işgärleriniň sapaklarda peýdalanýan görkezme serişdeleriniň bu gözden geçirilişi Mary welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan guraldy. Oňa welaýatyň bilim-terbiýeçilik işgärleri, hünärmenler, halypa pedagoglar, terbiýeçi-usulyýetçiler, öňdebaryjy terbiýeçiler gatnaşdy.
Bilim ulgamynda öňdebaryjy iş tejribesiniň öwrenilmeginde, täze döredijilikli taslamalaryň ýüze çykarylmagynda, sapaklaryň usulyýetini baýlaşdyrmagyň häzirkizaman ýörelgeleri bilen tanyşmakda ýokary ähmiýetli bolan bu çäre guramaçylykly we baý mazmunly boldy.

Bagtyýar nesillerimiziň aýdym-sazly çykyşlary bilen badalga alan okuw-görkezme esbaplarynyň sergisinde köpugurly görkezme serişdeleri bilim işgärlerinde uly täsirleri galdyrdy. Ýeri gelende bellesek, esbap — sapagyň esasy bolup, öwrenilýän temany çagalaryň tiz we netijeli özleşdirmeklerine, terbiýeçiniň dilden berýän maglumatlarynyň has mazmunly görnüşde üstüniň ýetirilmegine täsir edýär. Şonuň üçin hem mekdebe çenli çagalar edaralarynda usuly goruň üstüni yzygiderli ýetirmäge, terbiýeçiniň usuly burçuny baýlaşdyrmaga, täzeçe taslamalary işjeň ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda peýdalanylýan okuw-görkezme esbaplaryna dürli reňklilik, özüne çekijilik, köp ugurlylyk, ekologiýa taýdan howpsuzlyk mahsus bolup, ol islendik sapagyň hilini we mazmuny baýlaşdyrýar. Sergä hödürlenilen saýlama esbaplaryň içinde bolsa elde ýasalan we ýöriteleşdirilen tehniki mümkinçilikler bilen taýýarlanylan okuw görkezme serişdeleri bar. Olar, esasan, çagalaryň ýönekeý matematik düşünjelerini berkitmäge, sözleýiş dilini ösdürmäge, duýgularyny ösdürmäge, tebigat bilen tanyşlygyny gazanmaga, başarnyklaryny ýokarlandyrmaga we zehinlerini açmaga niýetlenilýär. Şeýle köp ugurly esbaplaryň täze görnüşleriniň döredilmegi bilim işgärleriniň döredijilikli zähmetini we usuly-pedaogik taslamalary işläp-düzmekde işjeňligini görkezýär.
Şeýle ähmiýetli tema bagyşlanyp guralan okuw-görkezme esbaplarynyň baýramçylyk öwüşginli sergisinde hem şular dogrusynda bellenildi. Çagalar bakja-baglarynyň bilim işgärleri aýry-aýrylykda biri-birinden tapawutlanýan esbaplarynyň ähmiýetini açyp görkezdiler we onuň peýdalanylyşy dogrusynda beýan etdiler.

Ýeri gelende bellesek, sergilenen görkezme esbaplarynyň özboluşly eserleri, has tapawutly we uly göwrümli görnüşleri bilen bu çärä gatnaşan bilim işgärleri baýramçylyk sowgatlary we höweslendiriji baýraklar bilen sylaglanyldy. Şol sanda Wekilbazar etrabyndaky 13-nji çagalar bakja-bagyna we biziň çagalar bakja-bagymyza degişli görkezme esbaplar has tapawutlanan işler hökmünde öňe saýlandy. Şeýle-de Murgap etrabyndaky 14-nji, Sakarçäge etrabyndaky 15-nji, Türkmengala etrabyndaky 8-nji çagalar bakja-baglaryna degişli görkezme serişdeleri täzeçilligi, özüne çekijiligi we döwrebaplygy taýdan tapawutlandy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim-terbiýeçilik işgärleriniň we bilim ojaklarynyň işini kämilleşdirmäge, hünärleri ýokarlandyrmaga we tejribeleri artdyrmaga uly üns berýän hem-de giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Gahryman Prezidentimize egsilmez alkyşlar aýdýarys.
Tawus ANNAMÄMMEDOWA,
Mary şäherindäki rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, TDP-niň işjeň agzasy.



