Žurnalistiň sahypasy

Tut agajynyň gudraty

26-09-2023 / 24

Ýapraklary atlaz kimin erez-erez, türkmeniň ak öýüne çalymdaş tuduň gudratyny bilýärsiňizmi?

Tutdan ata-babalarymyz dutar, gap-çanak, darak ýasapdyrlar. Tuduň ýapragy bolsa, ýüpek gurçugynyň arzyly höregi.

Gadymyýetiň Beýik Ýüpek ýoluna saldamly goşant goşan bu agaçda gudrat kän. Alymlaryň tassyklamagyna görä, ol adama peýdaly maddalaryň otuz birisini howa garýar. Onuň saýasynda ýatsaň, dynjyňy gowy alýarsyň, gan aýlanyşygyň kadalaşýar. Şonuň üçin-de, ýaponlar tut agajyny gapylarynyň, penjireleriniň öňünde ekýärler.

Tudana ýa-da onuň mürepbesi aşgazany, içegäni, bagry arrassalaýar, kesel ýokduryjylary gyrýar, işdäňi açýar. Tudananyň has tagamly mürepbesi ak balhy tuduň miwesinden gaýnadylýar. Ak balhy, esasan, Lebap sebitlerinde köp gabat gelýär.

Öwezjan ITALMAZOW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu