
«Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýýän türkmen halkynyň durmuşynda has möhüm, derwaýys meseleler döwrüniň parasatly gojalarydyr il ogullarynyň ýygnanyşygyna goýlupdyr. «Döwlet işleri geňeşli alnyp barylýan, her bir üstünligine buýsanyp bilýän ilde agzybirlik, asudalyk, jebislik, parahatçylyk, adalatlylyk, abadançylyk höküm sürýär» diýen ajaýyp düşünjä eýerilipdir.
Pederlerimizden gelýän asylly ýörelgeler 24-nji sentýabrda paýtagtymyzda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde has-da belentden dabaralandyryldy. Döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülen umumymilli forumyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri girizildi.
Şu gezekki taryhy maslahatda halkymyzyň, Watanymyzyň bähbidine örän köp wezipeler, örän köp tutumlar öňe sürüldi, halk wekilleriniň teklipleri diňlenildi. Türkmenistany ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan we häzirki döwürde ata-babalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirmek babatda giň gerimli işleri amala aşyrýan gujur-gaýratly, zehinli, maksada okgunly döwlet Baştutanymyzyň ägirt uly hyzmatlarynyň göz öňünde tutulyp, foruma gatnaşyjy ýaşulularyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy baradaky teklibiň biragyzdan goldanylmagy halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ählihalk tarapyndan goldawa mynasyp bolýandygynyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň mähriban halkymyzyň söýgüsini gazanandygynyň aýdyň beýanydyr.
Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny berkitmäge mynasyp goşant goşmaga, döredijilikli zähmet çekmäge, ukyp-başarnygymyzy açmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Güljemile DÄDEBAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.



