Žurnalistiň sahypasy

Alym Arkadagymyzyň okuw sapagy – nesillere şamçyrag

25-09-2023 / 15

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygyndaky çykyşy ylmy-amaly taýdan örän täsirli boldy.

Umumadamzat ähmiýetli taglymatlary öz içine alýan, çuň many-mazmunly bu çykyş hemmämizi joşgunly zähmete ruhlandyrdy. Bu nusgawy sapak öňdebaryjy tejribäniň mekdebi boldy, tejribe bolsa ösüşiň çeşmesidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap özgertmeler amala aşyrylyp, bilim ulgamy toplumlaýyn we ylmy-innowasion esasda ösdürilýär. Ýaş nesliň bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, döredijilige ugrukmagy, Watana, halka, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine ygrarly, işjeň raýatlar bolup kemala gelmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Giň gerimli bilim syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan hukuk we guramaçylyk binýadynyň, maddy-tehniki, intellektual üpjünçiligiň, umuman, ähli şertleriň döredilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň miweleridir.

Milli Liderimiziň geçiren umumy sapagy okuw bilen önümçiligiň, nazaryýetde alnan bilimler bilen tejribäniň arabaglanyşygyny pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan hem görelde alarlykdyr. Hormatly Prezidentimiz geçiren umumy sapagyny pähim-parasada ýugrulan kitaplarynyň, türkmen halkynyň nesilden-nesle geçip gelen däp-dessurlarynyň, halkyň çeper döredijilik mirasynyň, taryhda öçmejek yz galdyran danalaryň, ylym-bilimiň ussatlarynyň döredijiliginiň ähmiýeti bilen baglanyşdyrdy. Bu agzalan jemgyýetçilik gymmatlyklarynyň häzirki zaman bilim ulgamynyň mazmunynda mynasyp orny bardyr.

Milli Liderimiziň döwür baradaky, beýik geljegimiz we bizi gyzyklandyrýan meseleler hakdaky parasatly sözleri işde-de, durmuşda-da biziň üçin mydama ýol görkezijidir.

Şemşat JEPBAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu